MEDENIÝET

Elwis Presliniň gitarasy satyldy

Elwis Presliniň Şwesiýada ýasalan gitarasy 500 müň dollara satyldy. 2003-nji ýylda ABŞ-da geçirilen söwda satuwynda 29 müň 375 dollara satylan aýdym-saz dünýäsiniň şasy Elwis Presliniň gitarasy düýn ABŞ-da geçirilen auksionda 500 müň dollara täzeden satyldy.

1968-nji ýylyň ýanwar aýynda Şwesiýanyň Almadalen şäherinde ýasalan gitara şol ýylyň fewral aýynda Preslä iberildi.

Presli 1977-nji ýylyň 16-njy awgustynda 42 ýaşynda aradan çykypdy.

Mälim bolşy ýaly, “Warner Bros. Pictures” kino kompaniýasy tarapyndan Elwis Presliniň durmuşy barada film surata düşürilýär. Bu filmiň 2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda görkezilmäge başlanmagyna garaşylýar. Filmde dünýä belli aktýor Tom Hanks hem Elwis Presliniň menejeriniň keşbini janlandyrýar.

 

Powetkin bu gezek ýeňildi

 

 

Related posts

Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek medeni çäreler

Ogulabat ejäniň kalbynyň mähri siňen sungat

Şa aýalyň lybaslary hem satylar