JEMGYÝET

Özbek we hindi küştçisi dünýä çempionlygy üçin bäsleşer

Häzirki dünýä çempiony, hindistanly Dommaraju Gukeş bilen Özbegistanyň wekili Jawohir Sindarowyň arasyndaky küşt täji ugrundaky duşuşyk 2026-njy ýylyň 23-nji noýabryndan 17-nji dekabryna çenli dowam eder. Bu barada Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) metbugat gullugy habar berdi.

Garaşylýan bu duşuşyk küşt boýunça dünýä çempiony ady ugrundaky iň “ýaş” bäsleşik bolar, sebäbi duşuşyk başlan wagty türgenleriň ikisi hem 20 ýaşynda bolar. FIDE çäräni geçirmek üçin arzalar kabul edişligini açdy. Duşuşygyň iň pes baýrak gory 2,5 million dollar bolar.

14-nji aprelde Sindarow Kiprde geçirilen dalaşgärleriň ýaryşynda wagtyndan öň ýeňiş gazandy. Munuň netijesinde ol Gukeşe garşy oýnamak hukugyna eýe boldy. Hindistanly küştçi 2024-nji ýylyň dekabrynda hytaýly Din Lijeňi ýeňip, dünýä çempiony bolupdy.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Aziýa Kubogy-2027: Türkmenistan Tailandy 3:1 hasabynda ýeňdi

Ata Watan Eserleri

Türkmen takımı, AFC Kupası’na finallere kaldı

vepa