JEMGYÝET

Sentýabr aýynda 4 bina ulanmaga berler

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde şu ýylyň 8 aýyndaky, ýagny ýanwar-awgust aýlaryndaky makroykdysady görkezijiler barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, şu ýylyň 8 aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň mukdary 5,5 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň 8 aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim, daşary söwda dolanyşygyň möçeri 9,6 göterim artdy.

Şu ýylyň 6-njy sentýabryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň 50 gowragy ulanmaga berildi. Şu aýyň dowamynda ýene-de 4 sany bina ulanmaga berler.

Olaryň hatarynda – Aşgabat Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-günbatar tarapynda döwrebap seýilgäh, ýerasty geçelgeler, Döwlet münberiniň toplumy, paýtagtymyzyň Tähran köçesiniň ugrunda söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinde we döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

 

11-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Related posts

Melike Diananyň haty satylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Hasyl toýy uludan tutuldy

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy