JEMGYÝET

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Aşgabada geldi

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Belent mertebeli myhmany Aşgabadyň halkara howa menzilinde resmi adamlar garşyladylar. Şu ýyl Eýranda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanyp, Eýranyň Prezidenti wezipesine saýlanan Masud Pezeşkian Türkmenistana ilkinji saparyny amala aşyrýar. Onuň sapary Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga itergi berer.

Masud Pezeşkian bu saparyň çäklerinde Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen ikiçäk duşuşyklaryny geçirer.

Şeýle hem Eýranyň Prezidentiniň bu forumyň çäklerinde oňa gatnaşmaga gelýän Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen hem ikiçäk duşuşygy göz öňünde tutulýar. Bu iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji duşuşygy bolar.

Related posts

Arktika hem gyzýar

Messi, Gwardiola we futbol dünýäsinden haýyr-sahawat

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Owganystanda saparda boldy

Ata Watan Eserleri