JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Mongoliýanyň Prezidenti bilen duşuşygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine ünsi çekip, bu ugurda ikitaraplaýyn dialogy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çäklerinde ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygy aýdyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport, syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, Türkmenistan bilen Mongoliýanyň dostlukly gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Related posts

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Ärdogany doglan güni bilen gutladylar

Aşgabatda halkara ulag forumy öz işine başlady

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň birinji tapgyry açylar