BIZNES

Özbegistan bilen Owganystan bilelikde tebigy gaz öndürer

Özbegistan bilen Owganystan bilelikde tebigy gaz ýatagyny özleşdirmek boýunça şertnama baglaşdylar. Taraplar Owganystanyň Jauzjan we Farýab welaýatlaryndaky Tuti-Maýdan tebigy gaz ýatagy özleşdirerler.

Özbek metbugatynyň habar bermegine görä, bu taslama gönükdiriljek umumy maýa goýumyň möberi 1 milliard dollara deň bolar we ol 10 ýylyň dowamynda özleşdiriler. Taslamany durmuşa geçirmegiň ilkinji ýylynda 100 million dollaryň gönükdirilmegi meýilleşdirilýär.

Şeýle hem ilkinji 2 ýylda Owganystanda 100 MWt güýjenmeli ýylylyk elektrik stansiýa gurlar.

Bu şertnamanyň gol çekilmegine bagyşlanan dabara Owganystanyň wise-premýeri Abdul Gani Baradar we Özbegistanyň Prezidentiniň ýörite wekili ismatulla Irgaşow gatnaşdy.

Related posts

BAE-niň işewürleri Türkmenistandan tehniki ýod satyn aldylar

Ses we ýylylyk saklaýjy serişdeler öndüriler

Ata Watan Eserleri

Nýu-Ýork Konwensiýa : Halkara Arbitraž

Ata Watan Eserleri