SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

17-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Günüň ilkinji ýarymynda käbir düşünişmezlikleriň ýüze çykmagy mümkin. Esasan-da, iş bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýän Hamallar üçin bu döwür birneme çylşyrymly bolup biler. Kärdeşleriňize ýa-da işewür hyzmatdaşlaryňyza öz pikiriňizi düşündirmek garaşyşyňyzdan has kyn düşer. Günüň ikinji ýarymynda täze adamlar bilen tanyşmaga mümkinçilik dörär we özüňizde gowy täsir galdyrmak isleýän adamlaryňyzyň göwnünden turup bilersiňiz.Şeýle hem  özbaşdak hereket etmek arkaly işleriňizde düýpli öňegidişlik gazanyp bilersiňiz. Öň çözgüdini tapmakda kynçylyk çeken meseleleriňiziň käbirini üstünlikli çözüp bilersiňiz. Mundan başga-da, maliýe taýdan peýdaly hyzmatdaşlyk teklipleriniň gelip gowuşmagy mümkin. Käbir Hamallar hünär ukypbaşarnyklary  bilen goşmaça girdeji çeşmesini hem tapyp bilerler.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Günüň başynda şowlulyga ýa-da başgalaryň kömegine garaşman, öz güýjüňize bil baglamak has dogry bolar. Bu döwür birneme kynçylykly geçse-de, özbaşdak hereket etseňiz, ýüze çykýan sowallaryň jogabyny tiz tapyp bilersiňiz. Iş bilen bagly täze we peýdaly pikirleriň döremegi hem ähtimal. Şeýle hem adaty iş usullaryňyzy üýtgedip, has netijeli işlemäge mümkinçilik berýän çözgütleri taparsyňyz.Elbetde, başda özüňize pikirdeş we ýaran tapmak aňsat bolmaz. Ilkinji ädimleri ýeke özüňiz ätmeli bolarsyňyz. Emma ilkinji netijeleri gazananyňyzdan soň, size goşulmak isleýän adamlar hem tapylar. Bu ýagdaýdan biynjalyk bolmagyň hajaty ýok. Sebäbi edýän tagallalaryňyz tiz wagtdan öz miwesini berip başlar we ýagdaý kem-kemden gowulaşar.Günüň ikinji ýarymy şahsy gatnaşyklar üçin örän asuda we ýakymly bolar. Ýakynlaryňyz bilen söhbetdeş bolmak, söýýän adamyňyz bilen has köp wagt geçirmek üçin amatly pursat dörär.

  Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu döwürde esasy zat, töweregiňizdäki adamlaryň aýdýan her bir sözüne derrew ynanmazlykdyr. Tanyşlaryňyz tarapyndan beriljek maglumatlar doly barlanmadyk, nädogry ýa-da hakykata laýyk gelmeýän bolup biler. Şonuň üçin şeýle maglumatlara esaslanyp, möhüm kararlary kabul etmäge howlukmaň.Günüň ikinji ýarymynda döredijilikli çemeleşmegi talap edýän işlere üns beriň.Adaty bolmadyk çözgütleri tapmak ukybyňyz şu gün aýratyn peýda getirer. Hut şol başarnygyňyz arkaly öňden bäri bäsleşip gelýän adamlaryňyzdan öňe saýlanyp, gowy netijeleri gazanyp bilersiňiz.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlar bu gün sabyrly bolmaga çalyşmalydyrlar. Wakalar garaşyşyňyzdan haýal ösüp biler, meýilleşdiren işleriňiziň hemmesini gysga wagtyň içinde ýerine ýetirmek başartmaz. Emma öňüňizde ýeňip bolmajak päsgelçilikler ýok. Wakalary howlukdyrman, yzygiderli hereket etseňiz, maksadyňyza ýetip bilersiňiz. Bu ugurda öňden bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän adamlaryňyz we ynamdar dostlaryňyz size goldaw berer. Olaryň kömegine işde-de, şahsy meseleleriňizi çözmekde-de bil baglap bilersiňiz.Günüň ortalarynda maliýe meselelerinde aýratyn seresaplylyk gerek bolar. Esasan-da, başga birine sowgat almakçy bolýan Seretanlar saýlawda ýalňyşmazlyga üns bermelidirler. Käbir zatlaryň bahasy garaşyşyňyzdan gymmat bolup, netijede zerur bolmadyk çykdajylara sezewar bolmagyňyz mümkinŞahsy gatnaşyklarda bolsa hemme zat birsydyrgyn bolmaz. Irden ýakynlaryňyz bilen ownuk düşünişmezlikler, söýýän adamyňyz bilen bolsa pikir tapawutlary ýüze çykyp biler. Emma agşama tarap ýagdaý gowulaşar. Oňyn ýagdaýlaryň täsiri güýçlenip, töweregiňizdäki adamlar bilen düşünişmek has aňsat bolar.

 Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Köp meselelerde üstünlik gazanmak üçin, ilkinji nobatda, öz güýjüňize bil baglamaly bolarsyňyz. Öňünden gazanylan käbir ylalaşyklaryň üýtgemegi ýa-da bilelikde ýerine ýetirilmeli işleriň garaşylmadyk ýagdaýda yza süýşürilmegi mümkin. Bu bolsa wagtlaýyn düşünişmezlige sebäp bolar. Mundan başga-da, öňden bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän adamlaryňyz öz işleri bilen başagaý bolup, haýyşyňyza wagtynda jogap berip bilmezler. Muňa düşünje bilen garamak gerek. Gunuň ikinji ýarymynda Şahsy gatnaşyklar babatda hem gün örän oňaýly bolar. Täze tanyşlyklar üçin mümkinçilikler köpeler. Siz özüne çekijiligiňiz bilen adamlarda gowy täsir galdyrarsyňyz, üstesine-de, içki duýgyňyz size kim bilen ýakynlaşmalydygyňyzy dogry saýlamaga kömek eder. Eger täze tanşan adamyňyz göwnüňize ýarasa, onuň bilen gyzyklanmalaryňyzyň we garaýyşlaryňyzyň gabat gelmegi, geljekde sazlaşykly gatnaşyklaryň döremegi mümkin.

 Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Günüň başynda guramaçylyk meselelerini çözmek üçin tutanýerlilik görkezmeli bolarsyňyz. Käbir Sünbüleler töweregindäki bulaşyklykdan nägile bolup bilerler. Emma siz tiz wagtdan ýagdaýy öz gözegçiligiňize alyp, ähli işi tertibe salmagy başararsyňyz.Günüň ortalary işewür gepleşikler, geljekki hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar we bilelikde işleşmek isleýän adamlaryňyz bilen pikir alyşmak üçin amatly bolar. Aýlyk hakyňyzyň ýakyn wagtda ýokarlanmagyna mümkinçilik berýän teklipleriň gelip gowuşmagy mümkin. Emma munuň üçin iş ugruňyzy üýtgetmeli bolmagyňyz hem ähtimal. Öwrenişen işiňizden ýüz öwrüp, düýbünden täze ugurda özüňizi synap görmek üçin biraz gaýduwsyzlyk gerek bolar. Ýöne ýyldyzlar bu ädimde size goldaw berýär we üstünlik gazanmagyňyzy wada edýär.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

 Mizanlar  üçin dürli häsiýetli adamlar bilen ylalaşyk gazanmak we her biriniň dilini tapmak ukyby bu gün  aýratyn peýda berer. Hut şu başarnygyňyzyň kömegi bilen täze ýaranlary we kömekçileri tapyp bilersiňiz. Olaryň goldawy bu gün siziň üçin örän ýerlikli bolar.Şeýle hem iş ýerinde täze wezipeleriň ýa-da jogapkärçilikleriň ýüze çykmagy mümkin.Ilkibaşda olary nähili ýerine ýetirmelidigiňize düşünmek kyn bolsa-da, maslahatlaşmaga mynasyp adamy taparsyňyz. Maksatlary siziňki bilen gabat gelýän adamlary bir ýere jemläp, olaryň goldawy arkaly tiz wagtda üstünlik gazanyp bilersiňiz. Käbir Mizanlar ýolbaşçylaryna diňe bir özbaşdak işläp bilýändigini däl, eýsem, başgalara ýolbaşçylyk etmäge-de ukyplydygyny görkezerler. Şeýle adamlara ýakyn wagtda wezipe taýdan ýokarlanmaga mümkinçilik berýän teklipleriň gelip gowuşmagy mümkin.Maliýe ýagdaýyňyza hem üns beriň. Şu gün käbir Mizanlar adatdakysyndan has biperwaý hereket edip, aslynda zerur bolmadyk zatlara köp pul harçlamaklary mümkin. Şonuň üçin gereksiz satyn alyşlary etmezden ozal biraz oýlanyň we tejribesine ynanýan ýakynlaryňyz bilen maslahatlaşyň. Olaryň maslahaty artykmaç çykdajylardan saklanmaga kömek edip biler.Söýgi gatnaşyklarynda düýpli kynçylyklara garaşylmaýar. Şeýle-de bolsa, söýýän adamyňyzyň öz işleri bilen başagaý bolup, size isleýşiňiz ýaly köp wagt we üns berip bilmeýändigi ýüze çykmagy mümkin. Muňa kän bir gynanmaň, ýakyn wagtda bilelikde geçirmek üçin ýeterlik wagt tapylar.

 Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Günüň başynda pikirleriňizi dessine hemmeler bilen paýlaşmaga howlukmaň. Sebäbi käbir adamlar siziň meýilnamalaryňyzy ilki bilen geň ýa-da durmuşa geçirmesi  kyn bolan pikirler hökmünde kabul edip bilerler. Aslynda bolsa bu pikirleriň geljegi  has ulydyr. Tiz wagtdan  siz olary durmuşa geçirmäge girişip, ilkinji netijeleri hem gazanyp bilersiňiz. Esasy zat, özüňize bolan ynamyňyzy ýitirmezlik we başgalaryň goldawy bolmasa-da, möhüm ädimleri ätmäge taýýarlykly bolmakdyr.Iş babatda gün üstünlikli geçer. Esasan-da, täze wezipeleri we öňüňizde duran näbelli meseleleri çözmäge girişjek Akraplar gowy netijeleri gazanarlar. Siz ýagdaýy tiz öwrenip, nähili hereket etmelidigine aňsatlyk bilen düşünersiňiz. Bu bolsa diňe bir üstünlik gazanmagyňyza däl, eýsem, töweregiňizdäki adamlarda oňyn täsir galdyrmagyňyza hem ýardam eder. Ozal hünär ukybyňyza şübhe bilen garan adamlar hem öz pikirleriniň nädogrudygyna düşünerler.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Günüň başynda hoş habarlar gelip gowuşmagy mümkin. Olar iş ýa-da soňky döwürde çözgüdini tapmak üçin köp alada eden maliýe meseläňiz bilen bagly bolar.Bu wagt size nähili hereket etmelidigiňiz aýdyňlaşar we wagtyňyzy biderek sarp etmän, gerekli ugurda ilkinji ädimleri ädip bilersiňiz.Şeýle hem  ýolbaşçylyk wezipesinde işleýän Kowuslar işgärleri bilen aradaky gatnaşyklara aýratyn üns bermelidirler. Iş ýerinde ýüze çykýan düşünişmezlikleri wagtynda çözmek we dartgynlylygyň asyl sebäbini anyklamak  örän möhümdir.Her bir meselä adalatly çemeleşmek umumy iş ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam eder.Maliýe babatda gün aýratyn kynçylyk döretmez. Ýöne uly möçberli pullar bilen bagly kararlarda seresap bolmak gerek. Esasan-da, diňe öz serişdelerine däl, eýsem, maşgala býujetine ýa-da kärhananyň maliýe serişdelerine jogap berýän Kowuslar ünsli hereket etmelidirler. Haýsydyr bir taslama maýa goýmazdan ozal, onuň ygtybarlydygyna we bu işe gatnaşýan adamlaryň ynam döredýändigine anyk göz ýetiriň.

 Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün öňüňizde näçe köp iş bolsa-da, olaryň her birini yzygiderli ýerine ýetirmäge çalşyň. Diňe şeýle çemeleşme ýalňyşlyklaryň öňüni almaga we dogry karar kabul etmäge mümkinçilik berer. Esasan-da, günüň birinji ýarymynda töwekgelçilikli synaglardan saklanyp, öňden netijesi belli bolan usullary ulanmak maslahat berilýär.Şeýle hem günüň ikinji ýarymynda Iş ýerinde ownuk düşünişmezlikleriň ýüze çykmagy mümkin.Maliýe meselelerinde käbir kynçylyklar ýüze çykyp biler. Esasan-da, öňünden meýilleşdirilen satyn alyşlaryň jikme-jikliklerini öwrenmedik Jedi üçin bu ýagdaý has duýgur bolar. Käbir möhüm şertleri gözden salandygyňyzy we netijede şowsuz geleşige baş goşup biljekdigiňizi bilmegiňiz mümkin. Artykmaç çykdajylaryň öňüni almak üçin wagtynda saklanmagy başarmak möhümdir.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )

Bu gün oňyn ýagdaýlaryň täsiri agdyklyk eder. Seresaply we oýlanyşykly hereket etseňiz, köp işde üstünlik gazanmak mümkinçiligiňiz bolar.Esasan-da, aşa ynanjaň we açyk göwünli Daluwlar seresap bolmalydyrlar. Käbirleri nätanyş adamlara özleri barada möhüm maglumatlary aňsatlyk bilen aýdyp, syry saklamakda kynçylyk çekip bilerler. Şeýle hereket soňundan ýakymsyz ýagdaýlara sebäp bolup biler. Şonuň üçin ýeterlik tanamaýan adamyňyz bilen iç döküşmezlik  maslahat berilýär.Iş ýerinde ilki bilen özüňize tanyş bolan meseleleri çözmek we öň başlan işleriňizi tamamlamak has ýerlikli bolar. Diňe şondan soň täze wezipelere girişmek maslahat berilýär. Şeýle çemeleşme işiň bulaşmagynyň öňüni alar we kärdeşleriňiz ýa-da ýolbaşçylaryňyz bilen gapma-garşylyklaryň döremegine ýol bermez.Günüň ikinji ýarymy dostlaryňyz we garyndaşlaryňyz bilen görüşmek üçin amatly bolar. Baýramçylyk ýa-da güýmenje çäresine çagyrylmagyňyz mümkin. Käbir Daluwlara bolsa ýakymly sebäp bilen başga ýere gitmek nesip eder.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün iş we şahsy durmuş babatda öňüňizde birnäçe gyzykly mümkinçilikler açylar. Şol mümkinçilikleri wagtynda görmäge we olardan peýdalanmaga çalşyň. Ýüze çykyp biljek ownuk kynçylyklar barada aşa köp alada etmegiň hajaty ýok. Iş babatda öňegidişlik gazanmak mümkinçiligiňiz ýokary. Esasan-da, soňky döwürde möhüm bir taslamanyň üstünde köp zähmet çeken, emma heniz garaşýan netijesini alyp bilmedik Hutlar üçin ýagdaý üýtgäp biler.Günüň ortalary işewür gepleşikler geçirmek we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň şertlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin aýratyn amatly bolar. Käbir Hutlara täze iş teklip edilmegi hem mümkin. Täze işiň aýlyk haky ep-esli ýokarlanmasa-da, onuň mazmuny we mümkinçilikleri size gyzykly bolup görünmegi ähtimal. Şonuň üçin jogap bermäge howlukmaň. Teklibiň ähli artykmaçlyklaryny we kemçiliklerini seljermek üçin ýeterlik wagtyňyz bolar.

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

 

 

Related posts

23-nji Maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnam

2026;Hepdelik täleýnama (06-njy-12-nji Iýul)

22-nji Fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama