BILIM

Orta mekdepleriň maksatnamalaryna üýtgeşmeler girizilýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýyl geçiren Hökümet mejlisleriniň birinde nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda dünýäde kompýuter we maglumat ulgamynyň ösmegi bilen, çagalaryň ençeme sagatlap kompýuterler, smartfonlar we planşetler bilen güýmenýändikleri, munuň hereketsiz durmuş ýagdaýyna, görşüň peselmegine we saglyk bilen baglanyşykly beýleki çylşyrymly ýagdaýlara getirýär.

Milletiň Lideriniň şu ýagdaýlaryň öňüni almak babatda beren tabşyryklaryndan ugur alyp, umumy orta bilim berýän mekdepler üçin ýaşaýyş-durmuş esaslary okuw dersi boýunça I-X synplaryň okuw maksatnamasynyň we okuw kitaplarynyň hili ni kämilleşdirmek üçin ýörite işçi topary döredilip, bu dersiň mazmunynyň beýan edilişi ylmy-usulyýet taýdan seljerildi we düzedişler girizildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli tabşyryklary ýaşaýyş-durmuş esaslary dersi boýunça, umuman, okuw maksatnamasynda we okuw kitaplarynda öz beýanyny tapdy. Döwlet Baştutanymyzyň gymmatly tabşyryklary boýunça okuw maksatnamasynyň degişli bölümleriniň mazmuny okuwçylaryň ýaş we psihologiki aýratynlyklaryna laýyklykda, käbir maglumatlar bilen baýlaşdyryldy we kämilleşdirildi.

Bu barada Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň jemgyýetçilik bilimleri bölüminiň müdiri Ogulbaýram Meläýewanyň «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda habar berilýär.

Ýene-de okaň

Türkmen okuwçylary Singapurdaky halkara olimpiadada 6 medal gazandylar

Türkmen okuwçylary Bakuda geçirilen «TIMO 2026» halkara olimpiadasyna gatnaşdy

2026-njy ýylda ýokary okuw mekdeplerine 18 müňden gowrak adam talyplyga kabul ediler

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde emeli aň boýunça täze ugurlar açylýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň jemi 20-si açylýar

Dalaşgär-2026: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti