DÜNÝÄ

Türkmen alymlary mekgejöwenden krahmal aldylar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary ýerli çig mal bolan mekgejöwenden, himiki serişdeleri ulanmazdan, krahmal almagyň innowasion usuly işläp düzdüler. Bu barada «Galkynyş» gazeti habar berýär.

Krahmaly mekgejöwen dänesinden almak ykdysady taýdan has amatly bolýar. Azyk senagatynda ulanylmaga niýetlenýän krahmaly öndürmek üçin ýurdumyzda dänesinde krahmal saklaýan mekgejöweniň ýeterlik mukdary bar. Geçirilen ylmy-barlag we tejribe işleriniň netijesinde ýerli mekgejöwen krahmalynyň daşky görnüşi, reňkliligi, arassalygy, wodorod görkezijisi, çyglylygy we onuň çykymy anyklanyldy.

Ýerli mekgejöwenden alnan krahmalyň hil görkezijileri, ýagny daşky görnüşi, arassalygy, reňkiniň aklygy, wodorod görkezijisi we çyglylygy boýunça halkara ülňüleriniň hil görkezijilerine laýyk gelýär.

Related posts

Putin: Türkmen-rus uniwersitetini döretmek pikirini goldaýarys

Ata Watan Eserleri

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Halkara Zähmet Guramasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň Aşgabada sapary