TEHNOLOGIÝA

“Apple”-iň Hindistandaky onlaýn dükany

“Apple” kompaniýasy eýýäm 20 ýyldan gowrak Hindistanda hereket edýär. “Apple” dünýädäki iň uly ykdysadyýetli ýurtlaryň biri üçin meýilnamalarynda möhüm sepgit bolup, ýurtda onlaýn dükanyny açdy. “IPhone” öndürijisi indiki ýyl ilkinji fiziki dükanyny açmak isleýär.

Kompaniýanyň täze elektron söwda platformasy, alyjylara öz “Mac”-laryny onlaýn düzmäge mümkinçilik berýär. Hünärmenlere görä, “Apple” müşderiler bilen aragatnaşyk gurmaga we ekosistemada has köp ulanyjyny tanatmaga kömek edýär.

Hindistanda Gurgaon şäherinde ýerleşýän “Counterpoint Research”-iň kömekçi müdiri Tarun Pathakyň pikiriçe, Hindistanda ýyllyk smartfon satuwynyň üçden bir bölegi, adatça, Hindistanyň yşyklar festiwaly bolan “Diwali” baýramynyň öňüsyrasynda bolup geçýär. Söwda satyjylar, adatça, dynç alşa çenli alty hepdäniň dowamynda satuw teklip edip, bu pursatdan peýdalanýarlar.

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

 

 

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar