2025-nji ýylda Malaýziýa Türkmenistandan 10 750 syýahatçy baryp gördi. Bu görkeziji öňki ýyl bilen deňeşdirilende 42,5 göterim ýokary boldy.
Bu barada “Tourism Malaysia Almaty” guramasynyň ýolbaşçysy Nor Şazli Azmi Aşgabatda geçirilen “Tourism Malaysia-2026” atly seminarda belläp geçdi.
– Biz Türkmenistany uly geljegi bolan bazarlaryň biri hasaplaýarys we Malaýziýa bolan gyzyklanmanyň yzygiderli artýandygyna begenýäris. 2025-nji ýylda Malaýziýa Türkmenistandan 10 750 syýahatçy baryp gördi. Bu görkeziji öňki ýyl bilen deňeşdirilende 42,5 göterim ýokary boldy.
2026-njy ýylyň maý aýynyň ýagdaýyna görä, ýurdumyza eýýäm 3 482 türkmenistanly syýahatçy geldi. Bu bolsa türkmen bazarynyň durnukly gyzyklanmasyny we uzak möhletleýin ösüş mümkinçiliginiň ýokarydygyny tassyklaýar.
Bu ösüşiň esasy sebäpleriniň biri Aşgabat bilen Kuala-Lumpuryň arasynda göni howa gatnawynyň ýola goýulmagydyr – diýip, “Tourism Malaysia Almaty” guramasynyň ýolbaşçysy Nor Şazli Azmi belläp geçdi.
