JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary depginini kanagatlanma bilen bellediler. Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyga döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki yzygiderli we ynanyşmaga esaslanýan gepleşikleriň kuwwatly itergi berýändigi aýratyn nygtaldy.

Diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine aýratyn üns berdiler.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika we senagat ulgamlarynda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşy jikme-jik seljerildi. Şeýle hem ylym, bilim we sungat ugurlarynda bilelikdäki çäreleriň geçirilmegini öz içine alýan däp bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesine aýratyn üns berildi.

Daşary işler ministrleri sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm ugurlary boýunça hem pikir alyşdylar hem-de Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerinde taraplaryň garaýyşlarynyň ýakyndygyny tassykladylar.

Related posts

Taryh we Edebiýat : Täze Sahypalar

Ata Watan Eserleri

Büyük İpek Yolu: Asya’dan Anadolu’ya

vepa

Ýewropa çempionatynyň birinji tapgyry tamamlandy

Ata Watan Eserleri