SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan bilen Malaýziýa: syýahatçylykda 20-den gowrak şertnama gol çekildi

Türkmenistan bilen Malaýziýa syýahatçylyk pudagynda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 20-den gowrak şertnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky syýahatçylyk boýunça müdirligiň başlygynyň orunbasary Gülşat Bakyýewa Aşgabatda geçirilen “Tourism Malaysia” guramasynyň ilkinji tanyşdyryş seminarynda eden çykyşynda belledi.

Gülşat Bakyýewa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen syýahatçylyk pudagynda uly ösüşleriň gazanylýandygyny, şeýle hem halkara syýahatçylygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Malaýziýa bilen syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda uly tagallalaryň edilýändigini belläp, Türkmenistanda 30-dan gowrak syýahatçylyk kompaniýasynyň bardygyny, olaryň köp sanlysynyň Malaýziýa bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.

Gülşat Bakyýewa şol bir wagtda Malaýziýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, şu ýylyň aprelinde geçirilen “Turkmentravel-2026” halkara syýahatçylyk sergisine Malýaziýanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň hem gatnaşmagynyň munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belläp geçdi.

Şeýle hem Gülşat Bakyýewa iki ýurduň arasynda syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin degişli ähtnamanyň taýýarlanýandygyny hem belledi.

Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Medeniýet ministrliginiň ýakyndan goldaw bermeginde geçirilen “Tourism Malaysia-2026” atly seminarda Malaýziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy.

Related posts

“Eşretli Syýahat”: täze bahalar, täze mümkinçilikler

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Moskwa adaty uçar gatnawlary başlaýar

Ata Watan Eserleri

«Aşgabat» seýilgähi gaýtadan açylýar