SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Malaýziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri Aşgabatda tanyşdyryldy

“Tourism Malaysia” guramasy Malaýziýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde Aşgabatda “Tourism Malaysia” guramasynyň ilkinji tanyşdyryş seminaryny gurady. Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Medeniýet ministrliginiň ýakyndan goldaw bermeginde geçirilen “Tourism Malaysia-2026” atly seminarda Malaýziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy.

Aşgabatdaky “Arçabil” myhmanhanasynda geçirilen seminara “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy. Bu tanyşdyrylyş çäresine ýurdumyzda hereket edýän syýahatçylyk kompaniýalary bilen bir hatarda “Tourism Malaysia Almaty” guramasynyň ýolbaşçysy Nor Şazli Azmi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky syýahatçylyk boýunça müdirligiň wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

“Tourism Malaysia Almaty” guramasynyň ýolbaşçysy Nor Şazli Azmi eden çykyşynda amatly ulag aragatnaşyklary Malaýziýany türkmenistanly syýahatçylar üçin Günorta-Gündogar Aziýanyň iň amatly syýahatçylyk ugurlarynyň birine öwürýändigini belledi. Bu bolsa iki ýurduň arasynda syýahatçylyk we işewürlik saparlaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk binýat döredýär.

Malaýziýa islendik islege laýyk gelýän täsirli dynç alyş mümkinçiliklerini hödürleýän ýurt. Bu ýerde tropiki adalar, döwrebap şäherler, maşgala dynç alyşy, söwda merkezleri, kaşaň şypahanalar, ekosyýahatçylyk, baý milli tagamlar we özboluşly medeni miras bir syýahatyň çäklerinde jemlenýär.

Malaýziýa – dürli täsirleri we ýatdan çykmajak pursatlary bir ýurtda başdan geçirmäge mümkinçilik berýän ajaýyp syýahatçylyk ugrudyr.

Ine. şu ugurlar barada seminarda gyzykly gürrüňler edildi hem-de ýurdumyzda hereket edýän syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekillerine maglumatlar berildi.

Related posts

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara gatnawlaryň biletleriniň bahasyny arzanlatdy

Türkmenistana “Sputnik Laýt” sanjymy getirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda koreý lukmançylyk merkezini açmak teklip edildi