SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanjymlar “Covid-19”-a garşy 90 göterim täsirli

Fransiýada geçirilen giň gerimli ylmy-barlag işleriniň netijesine görä, koronawirus ýokanjyna garşy sanjymlaryň, hatda “Delta” wariantyna garamazdan, bu howply wirusyň öňüni almakda ýokary täsir edýändigi mälim edildi.

Fransuz metbugatynyň habaryna görä, 22 million adamyň gatnaşmagynda geçirilen nobatdaky ylmy-barlag işinde sanjymlaryň bütin dünýäde 4 million 800 müňden gowrak adamyň aradan çykmagyna sebäp bolan koronawirus pandemiýasynyň öňüni almagyň iň täsirli usulydygy subut edildi.

“Pfizer/BionTech”, “Moderna” we “AstraZeneca” ýaly dürli sanjymlary gözden geçiren alymlar, 50 ýaşdan uly sanjym edilen adamlaryň hassahana ýa-da aradan çykmak ähtimallygynyň 90 göterim azdygyny anykladylar. Netijeler sanjymlaryň bu howply wirusyň “Delta” görnüşine garşy hem gaty güýçli gorag üpjün edýändigi mälim edildi.

Ylmy-barlagyň çäklerinde alymlar 2020-nji ýylyň dekabryndan başlap, Fransiýada köpçülikleýin sanjym kampaniýasyny başlan wagtyndan 2021-nji ýylyň iýulyna çenli 22 million adamyň maglumatlaryny ýygnady. Sanjym edilen 11 million adam bilen sanjym edilmedik 11 million adamyň saglyk görkezijileri deňeşdirildi.

Saglyk bilermenleri sanjym edilmedik adam bilen şol sebitdäki deň ýaşdaky we jynsdaky sanjym edilen adamyň maglumatlaryny deňeşdirdiler.

Fransuz hökümeti bilen ýakyndan işleýän garaşsyz barlag topary “Epi-Phare” guramasynyň ýolbaşçylygyndaky ylmy-barlaglara görä, ikinji dozadan 14 gün soň sanjym edilen adamlarda “Covid-19” bilen kesellemek howpunyň 90 göterim azalandygy mälim edildi.

Beýleki tarapdan, barlagyň netijesine laýyklykda, 5 aýa çenli “Covid-19”-a garşy edilen sanjymynyň goragynyň azalmaýandygy bellenilip geçildi.

Ilon Mask Ýewropada zawodyny açmakçy

 

Ýene-de okaň

Özbegistan 3 aýda 2,8 milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri