BILIM

Mekdep bazarlary işläp başlady

1-nji awgustda ýurdumyzda täze, 2026-2027-nji okuw ýylynyň ýetip gelýändigini buşlaýan mekdep bazarlary işläp başlady. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň bazarlarynyň, iri söwda merkezleriniň ýanynda okuwçylardyr talyplar hem-de mugallymlar üçin ähli gerekli harytlary özünde jemleýän göçme söwda nokatlary döredildi.

Şu ýyl ak mermerli paýtagtymyzyň çäginde mekdep harytlarynyň göçme söwdasyny amala aşyrýan nokatlaryň 60-a golaýyny gurnamak meýilleşdirildi. Munuň özi ilatyň bölek söwda hyzmatlaryndan netijeli peýdalanmagy, zerur harytlary bir ýerden, amatly görnüşde satyn almagy ugrunda döwletimiz tarapyndan edilýän uly aladalaryň ýene-de bir görkezijisidir.

Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen, gyzjagazlar üçin niýetlenen ýaşyl penjeklere we milli keşdeli köýneklere, öňlüklere, oglanjyklar üçin nusgawy biçüwli kostýumlara, ak köýneklere, sport egin-eşiklerine isleg has-da ýokary. Mekdep sumkalarydyr talyp portfelleri, rahat aýakgaplar hem köpgörnüşliligi bilen tapawutlanýar. Şeýle hem gündelikler, kartalar, surat we çyzuw albomlary, ders hem-de umumy depderler, dürli reňkli galamlar we başga-da ençeme esbaplar satuwa çykarylypdyr. Önümleriň bezeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynda ýetilen sepgitleri, şäherlerimiziň we tebigatymyzyň gözelliklerini şöhlelendirýän şekillere, hususan-da, şanly ýylymyzyň baş nyşany bolan behişdi bedewleriň täze belentliklere we üstünliklere ruhlandyrýan okgunly keşbine möhüm orun berlipdir.

Paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli bazarlary bolan “Altyn Asyr” Gündogar, “Teke”, “Gülüstan” bazarlarynyň çäginde mekdep harytlarynyň göçme söwda nokatlary aýratyn bölegi emele getirýär. Mekdep harytlarynyň göçme söwda nokatlarynyň her gün ir säherden tä agşama çenli işlemegi alyjylar üçin has-da amatlydyr.

Related posts

Talyp-2022: Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty

Türkmenistan we Belarus lukmançylyk uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine 500 talyp kabul ediler