BILIM

Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Ylmy barlaglar we innowasiýalar” atly elektron žurnaly döredilýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Ylmy barlaglar we innowasiýalar” atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, täze elektron neşir arkaly ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda alnyp barylýan öňdebaryjy tejribeler giňden beýan ediler. Elektron neşirde professor-mugallymlaryň, alymlaryň, talyplaryň ylmy makalalaryny türkmen, iňlis we rus dillerinde ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Bu žurnalda milli mirasyň, okatmagyň hem-de terbiýe bermegiň, filologiýanyň, psihologiýanyň, hukuk ylymlarynyň döwrebap meseleleri, usulyýeti, şöhratly taryhymyzyň, beýik şahsyýetlerimiziň dünýä medeniýetine goşan goşandy baradaky ylmy makalalar bilen birlikde, bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak boýunça gazanylan oňyn netijeler öz beýanyny tapar.

Elektron žurnalyň döredilmegi ýaşlary täze ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara höweslendirer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamaga uly üns berilýändigini, bu ugurda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatda ähli zerur şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar