BILIM

Dünýäde iň arzan benzinli ýurtlar

“Global petrol prices” portalynyň maglumatyna görä, dünýäniň benziniň bahasy arzan ýurtlaryň sanawy taýýarlandy.

14-nji martda maglumatlara görä, dünýäde benziniň bahasynyň iň arzan ýurdy Wenesueladyr (bir litri $0,025). Bu ugurda ikinji we üçünji orunlary degişlilikde Liwiýa ($0,032) we Eýran ($0,051) eýeledi. Şeýle hem ilkinji onlukda Alžir, Siriýa, Angola, Kuweýt, Gazagystan, Nigeriýa we Türkmenistan hem bar.

Dünýäde benziniň bahasynyň iň gymmaty Gonkongdadyr ($10,898). Şeýle hem Monako ($9,375) we Niderlandlar ($9,205) iň gymmat bahaly benzine eýe ýurtlardyr.

Häzirki wagtda dünýäde benziniň ortaça bahasy litr üçin 1,32 dollar. Dürli ýurtlarda benziniň bahasynyň arasyndaky tapawut, ýangyç salgytlarynyň we subsidiýalaryň dürli görnüşleri bilen baglanyşykly.

– Ähli ýurtlar halkara bazarlarynda nebit satyn alýarlar, ýöne dürli salgyt töleýärler. Şonuň üçin benziniň bölek satuw bahasy başgaçarak – diýlip, “Global petrol prices” portalynda bellenilip geçilýär.

 

18-nji mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Related posts

Türkmenistanda açyk halkara matematika olimpiadasy geçirilýär

Türkmenistan-Italiýa: bilim ulgamynda täze teklipler

Ýerewan döwlet uniwersitetinde Magtymgula bagyşlanan umumy sapak berler