2026-njy ýylyň 17–20-nji iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde Bütindünýä Emeli Aň Maslahaty (WAIC 2026) we Emeli aňy ählumumy dolandyrmak boýunça ýokary derejeli maslahat geçirilýär.
«Emeli aň hyzmatdaşlygy – ýagty geljek üçin» diýen şygar astynda geçýän foruma Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli türkmen wekiliýeti gatnaşýar.

Şanhaý ýene-de dünýäniň tehnologik pikir alyşmasynyň merkezine öwrüldi. Şu ýylky maslahatyň gerimi öňki ýyllaryň görkezijilerinden hem ýokary boldy: sergi meýdançasy 100 müň inedördül metrden gowrak bolup, foruma 1100-den gowrak öňdebaryjy kompaniýa hem-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan 1400-e golaý çykyşçy, alym we döwlet işgärleri gatnaşýar. Açylyş dabarasyna Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hem gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň degişli ministrligiň ýolbaşçylygy derejesinde bu foruma gatnaşmagy ýurduň sanlylaşdyrmak strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmeginiň nobatdaky ädimi hökmünde bahalandyrylýar.
«Emeli aňyň ösdürilmegi ýurdumyzda infrastruktura derejesindäki iň möhüm strategik ugurlaryň biri hökmünde garalýar», — diýip, türkmen wekiliýetiniň agzalary bellediler.
