Tbiliside Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Gruziýanyň Hökümet binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze dabaraly ýagdaýda Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular.
Saparyň dowamynda gol çekilen we alşylan resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027-2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy;
Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen Gruziýanyň Prokuratura edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Gruziýanyň Okkupirlenen çäklerden mejbury göçürilenleriň işleri boýunça, zähmet, saglygy goraýyş we durmuş goragy ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gruziýanyň Medeniýet ministrliginiň arasynda medeni hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Gruziýanyň Maliýe gözegçiligi gullugynyň arasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlaryny alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň arasynda döwlet emlägini dolandyrmak we hususylaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Şonuň ýaly-da:
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň arasynda senagat babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen «Gruzin demir ýollary» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen «Gruziýanyň Deňiz ulaglary agentligi» jemgyýetçilik hukugynyň ýuridik şahsynyň arasynda deňiz ulag howpsuzlygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen «Batumi döwlet deňiz akademiýasy» jemgyýetçilik hukugynyň ýuridik şahsynyň arasynda hünärmenleri taýýarlamak we deňiz bilimi babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry bilen Şota Rustaweli adyndaky Milli teatryň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Gruzin köşk-muzeýler bileleşiginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Gruziýanyň Patyşalyk Aziýa jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen «Gruziýanyň Ilýa Çawçawadze adyndaky Milli kitaphanasy» jemgyýetçilik hukugynyň ýuridik şahsynyň arasynda kitaphana işi babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Wano Saradžişwili adyndaky Tbilisi döwlet konserwatoriýasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen «Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersiteti» jemgyýetçilik hukugynyň ýuridik şahsynyň (Gruziýa) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty (Türkmenistan) bilen Batumi döwlet deňiz akademiýasynyň (Gruziýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem dürli ugurlarda bilelikde durmuşa geçirilmeli anyk işleriň ýollaryny özünde jemleýär.
