JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Wiktor Orban bilen duşuşdy

Wengriýada iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar esasy ugurlaryň hatarynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasan hem syýasy-diplomatik, energetika, senagat we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, şeýle hem sport ugrunda özara gatnaşyklary ösdürmeklige aýratyn üns berildi.

Bu iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Dostluga hem-de birek-birege hormat goýmak däplerine eýerýän türkmen-wenger hyzmatdaşlygy şol wagdan bäri yzygiderli berkidilýär. Şunda ýokary we Hökümet derejedäki gatnaşyklara aýratyn üns berilýär.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmekde alnyp barylýan ugra iki döwletiň hem üýtgewsiz ygrarlydygyny şu ýylyň 9-njy iýunynda resmi sapar bilen Aşgabada gelen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen gepleşikler hem tassyklady.

 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Merkezi Aziýanyň Prezidentleriniň sammiti geçiriler

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly başlady

Ata Watan Eserleri