JEMGYÝET

Wengriýa Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň dowamynda Budapeştde Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen duşuşdy.

Wengriýanyň habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu duşuşyk energetika howpsuzlygy babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Wengriýa bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň ählitaraplaýyn şertnamasy boýunça gepleşikler geçirýär we Wengriýa geljekde türkmen gazyny eksport etjek esasy ýurtlaryň biri bolar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar esasy ugurlaryň hatarynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasan hem syýasy-diplomatik, energetika, senagat we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, şeýle hem sport ugrunda özara gatnaşyklary ösdürmeklige aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti wenger halkyny 20-nji awgustda bellenýän milli baýram – mukaddes Iştwanyň güni bilen gutlady.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistanyň Milli Majlisiniň başlygy Rustami Emomali bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipler taýýarlanar

2025-nji ýylda dünýäde bolan iň möhüm wakalar