JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Pakistana çagyryldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi we iki ýurduň doganlyk halkyny mukaddes Oraza baýramy, şeýle hem Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda ähli ugurlarda, şol sanda, syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer, söwda-ykdysady, energetika, ulag ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif Pakistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedowy özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Pakistana gelmäge çagyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif birek-birege berk jan saglyk hem-de alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik Pakistan tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Related posts

«Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» atly halkara maslahat geçirildi

Türkmenistan owganara gepleşiklerine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy-2024” atly halkara sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri