BILIM

Beýik Britaniýada okamak isleýärsiňizmi?: “Chevening” talyp hakly maksatnamasy size garaşýar

Beýik Britaniýada bilim almak isleýärsiňizmi? Onda siziň üçin iň amatly talyp hakly maksatnamalaryň biri hem “Chevening” maksatnamasydyr. Bu maksatnama Beýik Britaniýanyň  hökümetiniň gönüden-göni goldaw bermeginde guralýar.

“Chevening” talyp hakly maksatnamasy 6-njy awgustdan ýüz tutmalar üçin açylýar. Bu maksatnama üçin 5-nji noýabra çenli ýüz tutmak bolar.

Ähli dalaşgärler berk hem-de talap ediji saýlap-seçip almak döwründen geçerler. Saýlap-seçiş alyş işinden üstünlikli geçen dalaşgärler 2025-nji ýylyň iýunynda yglan ediler. Eger siz şolaryň arasynda bolsaňyz, onda 2025-nji ýylyň sentýabr/oktýabr aýlarynda Beýik Britaniýada okuwa başlap bilersiňiz.

“Chevening” Beýik Britaniýanyň hökümetiniň 1983-nji ýyldan bäri geçirip gelýän maksatnamasydyr. 1983-nji ýyldan bäri bu maksatnama arkaly dünýäniň dürli ýurtlaryndan öňdebaryjy hünärmenleriň 50 müňden gowragyna Beýik Britaniýada talyp hakly bilim bermek mümkinçiligi döredildi.

Dünýä derejesinde bilim almak, Beýik Britaniýanyň myhmansöýerliginden peýdalanmak hem-de bir ömür “Chevening” maksatnamasynyň bir agzasy bolmak isleseňiz, bu maksatnama goşulmaga howlugyň!

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.chevening.org/apply internet sahypasyna giriň.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar