Brýusselde Türkmenistanyň üstaşyr we logistika mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem onuň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda durnukly we netijeli ulag gatnaşyklaryny kemala getirmäge goşýan goşandyna bagyşlanan “Bridging Continents: Turkmenistan’s Evolving Transit and Logistics Potential” («Yklymlary birleşdirmek: Türkmenistanyň ösýän üstaşyr we logistika mümkinçiligi») atly tematiki çäre geçirildi.
Çärä Brýusselde akkreditirlenen daşary ýurtlaryň ilçileri, Ýewropa institutlarynyň, seljeriş we ylmy-barlag merkezleriniň, işewürler gurşawynyň, degişli kompaniýalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle wekilçilikli jemgyýet ara alyp maslahatlaşmalara giň halkara we pudagara häsiýetini berdi. Çäräniň moderatory hökmünde “Diplomatic World” taslamasynyň direktory jenap Alberto Turkstra çykyş etdi.
Çäre Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň tanyşdyrylyşy bilen açyldy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň üstaşyr-logistika mümkinçiliklerini ösdürmekde gazanan esasy üstünlikleri, şol sanda gümrük ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy we serhet geçitlerindäki amallaryň kämilleşdirilmegi barada maglumat berildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili jenap Kerim Berdiýew öz çykyşynda gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, amallary sanlylaşdyrmak, gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň geçijilik ukybyny ýokarlandyrmak we ýükleri resmileşdirmegiň wagtyny gysgaltmak maksady bilen Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän amaly çäreler barada giňişleýin durup geçdi. Döwrebap standartlaryň we töwekgelçilikleri dolandyrmak guralarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň üstaşyr geçişiň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de halkara gatnawçylar üçin has amatly we aýdyň gurşawy döretmäge ýardam edýändigi bellenildi.

Çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçisi Sapar Pälwanow ýüzlendi. Ol öz çykyşynda häzirki zaman halkara şertlerinde ulagyň we logistikanyň diňe bir infrastruktura we söwda meselesi bolman, eýsem bütin halkara ykdysady ulgamynyň durnuklylygynyň, ygtybarlylygynyň we çaklanýanlygynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi. Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ýaly möhüm ugurlaryň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň öz geografiki ýerleşişine diňe bir artykmaçlyk hökmünde däl-de, eýsem halkara ulag binýadynyň ygtybarly we netijeli bölegi bolmak jogapkärçiligi hökmünde garaýandygy nygtaldy.
Ilçi Türkmenistanyň Ýewraziýanyň möhüm üstaşyr-ulag hökmündäki ornuny yzygiderli pugtalandyrýandygyna aýratyn ünsi çekdi. Şu nukdaýnazardan, awtomobil, demir ýol, deňiz porty we gümrük infrastrukturasyny ösdürmek, şeýle hem amallary çaltlandyrmaga we ýükleriň geçiş wagtyny gysgaltmaga gönükdirilen sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan ulgamlaýyn işler bellenildi. Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň döwrebaplaşdyrylmagyna, häzirki zaman awtomobil magistrallarynyň ösdürilmegine we halkara ulag geçelgeleriniň bäsdeşlige ukyplylygynyň esasy faktory hökmünde gümrük ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berildi.
Şeýle-de, çärede çykyş edenleriň hatarynda Ýewropa Komissiýasynyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Baş müdirliginiň (DG INTPA) bölüminiň başlygy hanym Şarlotta Adrian we Ýewropa Parlamentiniň Daşary işler baradaky komitetiniň (AFET) agzasy, Ýewropa Parlamentiniň deputaty jenap Kristian Terheş bar. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Ýewropa institutlarynyň we degişli toparlaryň Merkezi Aziýa bilen ulag baglanyşygy meselelerine, şol sanda üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny pugtalandyrmak, Hazarüsti geçelgesini ösdürmek we logistika, infrastruktura hem-de gümrük dolandyryşy ýaly ugurlarda amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek nukdaýnazaryndan gyzyklanmasynyň artýandygy bellenildi.
Maslahatyň barşynda halkara ulag geçelgeleriniň netijeliliginiň diňe bir ýollaryň, demir ýol liniýalarynyň we portlaryň barlygy bilen däl, eýsem amallaryň hili, sanlylaşdyrma derejesi, resmileşdiriş tizligi, işleriň aýdyňlygy we ýükleriň hereketiniň umumy çaklanýanlygy bilen kesgitlenýändigine aýratyn üns berildi. Bu ugurda gatnaşyjylar Türkmenistanyň üstaşyr geçişi çaltlandyrmaga, serhet geçitlerini döwrebaplaşdyrmaga we häzirki zaman logistika ekoulgamyny ösdürmäge gönükdirilen tagallalarynyň amaly ähmiýetini bellediler.
Çykyş edenler we çärä gatnaşyjylar iki yklymyň arasyndaky özara baglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň we umuman Merkezi Aziýanyň artýan ornuny nygtadylar. Global üpjünçilik zynjyrlarynyň özgermegi, adaty ugurlaryň aşa ýüklenmegi we geosyýasy töwekgelçilikleriň artmagy fonunda, Merkezi Aziýa arkaly geçýän ygtybarly, diwersifikasiýa edilen we durnukly ulag ugurlarynyň ähmiýetiniň göze görünerli derejede artýandygy bellenildi. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistan häzirki zaman Ýewraziýa ulag binýadynyň ösmegine yzygiderli goşant goşýan durnukly, çaklanýan we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde häsiýetlendirildi.
Çäre diplomatik korpusyň, Ýewropa düzümleriniň, bilmenler jemgyýetiniň, işewürlik we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň arasynda mazmunly we netijeli gepleşikler üçin peýdaly meýdança boldy.
