Ýurdumyzyň sungat ussatlary şu ýylyň 16 – 18-nji iýuly aralygynda Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara dostluk günleriniň çäginde guralan «Beýik Ýüpek ýoluna «Arirang» arkaly medeni syýahat» atly çärä gatnaşyp, uly üstünlik gazandylar.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy B.Gaýypow hem-de Lebap welaýatynyň Çärjew etrap medeniýet merkeziniň artisti, aýdymçy A.Jumaýew Koreýa Respublikasynda geçirilen «Beýik Ýüpek ýoluna Arirang arkaly medeni syýahat» atly çärede üstünlikli çykyş edip, halkara festiwalynyň ýadygärlik nyşanyna mynasyp boldular.
Halkara derejesinde geçirilen döredijilik çäresinde üstünlik gazanan ildeşlerimiz ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ýeten derejesini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny we ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik maksatlary wasp etmek hem-de halkara bäsleşiklerine gatnaşmak ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin milli medeniýetiň we sungatyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdiler.
