BILIM

Türkmen okuwçylary Londonda geçiriljek «iWISE» halkara bäsleşigine gatnaşarlar

Mekdep okuwçylarymyzyň 10-sy 2-7-nji awgust aralygynda “International World Innovative Student Exhibition” (iWISE) halkara platformasynyň döredijilik bäsleşigine gatnaşar. Bu halkara ýaryş Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London şäherindäki Surreý uniwersitetinde geçiriler.

Bu bäsleşigiň çäklerinde dünýäniň ençeme döwletleriniň okuwçylary we talyplary ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika – STEM hem-de robot tehnikasy, iňlis dili we sungat ugurlary boýunça öz başarnyklaryny görkezerler.

Okuwçylara tejribeli mugallymlar Myrat Sähetgulyýew (Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň informatika mugallymy) we Goçmyrat Baýramow (Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy) ýolbaşçylyk edýär.

Bu halkara ýaryşynda ýurdumyzyň adyndan Arkadag şäheriniň we paýtagtymyňyz ýöriteleşdirilen mekdeplerinde bilim alýan ýaş innowatorlar çykyş ederler.

Ýeri gelende aýtsak, mekdep okuwçylarymyz şu ýylyň fewral aýynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «IWISE GLOBAL FINAL 2026» atly robot tehnikasy boýunça halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş edipdiler.

Related posts

Türkmenistan bilen Fransiýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda ähtnama gol çekdiler

Ata Watan Eserleri

Russiýada okaýan türkmen talyplaryna hoş habar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda toplumlaýyn olimpiada geçiriler