MEDENIÝET

Türkmenistanyň halk artisti Şamämmet Bäşimow aradan çykdy

Türkmenistanyň halk artisti, ussat sazanda, kompozitor we mahmal owazly aýdymçy Şamämmet Bäşimow aradan çykdy.

1948-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda dünýä inen sungat ägirdi özboluşly aýdym-saz ýoly, milli sungatymyza goşan uly goşandy we ýatdan çykmajak eserleri bilen türkmen medeniýetinde öçmez yz galdyrandyr.

Ussat sazanda we kompozitor barada gyzykly makalany “Atavatan Türkmenistan” hakara žurnalynyň “https://atavatan-turkmenistan.com” saýtynyň “Ýakymly ýatlamalar” bölüminde okap bilersiňiz.

Žurnalist Akgül Saparowanyň taýýarlan “Şamämmet Bäşimow : parahatlygy dünýä ýaýan aýdymlar” atly makalasynda sungat işgäri barada köp sanly gyzykly maglumatlar berlendir.

Şamämmet Başimow Gahryman Arkadagymyz tarapyndan şanly Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly bilen, 2017-nji ýylda bolsa, Şa serpaýy, ýagny «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady bilen sylaglanypdy.

Biz hem Atavatan Türkmenistan” hakara žurnalynyň döredijilik topary bolup, Türkmenistanyň halk artisti Şamämmet Bäşimowyň maşgalasyna we dogan garyndaşlaryna gynanjymyzy bildirip, merhumyň ýatan ýeri ýagty, imanynyň hemra bolmagyny dileýäris.

Related posts

“Ýylyň parlak ýyldyzy” kim boldy?

Megan Marklyň kitabyna uly gyzyklanma

Iýun aýy: Azerbaýjanyň medeniýet günleri we beýleki halkara günler