JEMGYÝET

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan harby özgertmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralary iň täze tehnikalar bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň gulluk etmegi hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek, işgärleriň hünär kämilligini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça möhüm işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň harby gullukçylary iň täze tehnikalara ussatlyk bilen erk etmek, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezmek bilen, ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň polat galkany bolup, merdana ata-babalarymyzyň Watana wepalylyk ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýärler. Olar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly harby ýörişlere gatnaşyp, Watanymyzyň goranyş kuwwatyny, halkymyzyň parahat we asuda durmuşynyň, mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny, başarjaňlygyny görkezýärler.

…Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabaranyň geçirilýän ýerine geldi.

Bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.

Soňra bu ýerde harby gullukçylar edebi-sazly kompozisiýany hem-de eziz Watanymyzy wasp edýän buýsançly aýdymy ýerine ýetirdiler.

Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda täze binalar we desgalar toplumynyň toý bagyny kesdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy dolandyryş binasyndan, nyzam meýdançasyndan, esger naharhanasyndan, esger ýatakhanalaryndan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, päsgelçilik ýodasyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, gulluk, hojalyk we durmuş maksatly binalardan ybarat bolup, olarda harby gullukçylar üçin ýokary derejeli gulluk we amatly ýaşaýyş şertleri göz öňünde tutulypdyr.

Soňra döwlet Baştutanymyz täze binalar we desgalar toplumynyň dolandyryş binasyna bardy.

Bu ýerde harby gullukçy hormatly Prezidentimizi Ýaragly Güýçlerimiziň düzümindäki döwrebap ýaraglar we uçarmansyz uçýan enjamlar hem-de olaryň häzirki zaman aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy.

Dolandyryş binasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň hem-de döredilen şertleriň ýokary halkara ölçeglere we harby-guramaçylyk talaplaryna doly laýyk gelýändigini bellemek gerek. Binanyň döwrebap tehnologiýalar, iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygynyň we onuň ähli düzümlerine sanly ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, olar döwrebap tehniki serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilýär, ylmy esasda geçirilýän okuwlaryň netijesinde Watan goragçylarynyň hünär ussatlygy ýokarlanýar. Harby gullukçylary taýýarlamakda diňe bir olaryň söweşjeň endiklerine däl, eýsem, terbiýeçilik-watançylyk işine, söweşjeň tälimine hem-de bilim derejesini ýokarlandyrmaga uly üns berilýär.

Harby gullukçy gulluk etmäge we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge döredilen ajaýyp şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Ýaragly Güýçleriň ähli şahsy düzüminiň adyndan Watan goragçylarynyň mähriban Watanymyza mundan beýläk-de ak ýürekden, wepaly gulluk etjekdikleri barada kasam etdi.

Hormatly Prezidentimiz harby gullukça jogapkärli gullugynda üstünlikleri arzuw etdi.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Hormat ýazgylar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň adyndan nepis türkmen halysy sowgat gowşuryldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz harby bölümiň lukmançylyk nokadynda döredilen şertler bilen tanyşdy. Lukmançylyk nokady iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir. Munuň özi saglygy goraýşyň halkara standartlaryna doly laýyk gelmek bilen, harby gullukçylaryň saglygyny berkitmekde we gorap saklamakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Soňra Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy esgerler ýatakhanasyna bardy hem-de bu ýerde esgerleriň ýaşaýyş-durmuş şertleri üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy.

Esgerler üçin niýetlenen ýatakhananyň binalar toplumy döwrebaplygy, gurluş aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde harby gullukçylaryň göwnejaý dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Ýatakhananyň giňligi, ýagtylandyrylyşy, esgerleriň dynç almagy üçin döredilen mümkinçilikler, otaglaryň ýerleşdirilişi harby düzgünnamalaryň talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa harby gullukçylary mukaddes borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmäge ruhlandyrýar.

Ýatakhananyň içinde gündelik lybaslary we sport eginbaşlaryny, okuw esbaplaryny hem-de arassaçylyk serişdelerini saklamak üçin niýetlenilen döwrebap tekjeler ýerleşdirilipdir. Şeýle hem ýatakhanada harby gullukçylar üçin durmuş taýdan hyzmat ediş otagy, harby lybaslary hem-de beýleki goşlary saklamaga niýetlenen otag bar. Bu lybaslaryň we harby gullukçylar üçin niýetlenen serişdeleriň türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýändigini aýratyn bellemek gerek.

Otaglarda döwrebap ýyladyş we sowadyş ulgamlary, ýokary hilli mebeller we abzallar ornaşdyrylypdyr. Olarda döredilen şertler häzirki döwrüň talabyna doly laýyk gelýär.

Durmuş taýdan hyzmat ediş otaglary degişli enjamlar bilen üpjün edilipdir. Harby gullukçylaryň ygtyýarynda “Galkynyş” otagy hem bar. Bu bolsa olaryň medeniýetli dynç almaklaryna hem-de özlerini gyzyklandyrýan maglumatlar bilen tanşyp, bilimlerini artdyrmaklaryna ýardam edýär. Kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur watansöýüjilige ýugrulan eserleriniň ýerleşdirilmegi esgerleriň watançylyk ruhuny belende göterýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz esgerler naharhanasyna bardy.

Bu ýerde harby gullukçylar döwlet Baştutanymyzy naharhananyň döwrebap mümkinçilikleri, azyk önümlerini saklamak we datly tagamlary taýýarlamak üçin döredilen şertler bilen tanyşdyrdylar.

Esgerler naharhanasynda ýokumly tagamlaryň çalt we ýokary hilli taýýarlanylmagy, harby gullukçylaryň talabalaýyk naharlanmagy, düzgün-tertibiň berjaý edilmegi üçin zerur şertler üpjün edilipdir. Naharhana häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmek bilen, bu ýerde nahar taýýarlamak hem-de azyk önümlerini talabalaýyk saklamak üçin ýörite otaglar, ammarlar göz öňünde tutulypdyr. Döwrebap naharhana häzirki zaman sowadyş we ýyladyş ulgamlary hem-de nahar taýýarlamak işini ep-esli ýeňilleşdirýän zerur tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Naharhanada milli tagamlaryň dürli görnüşleri taýýarlanylýar hem-de olaryň tagamyna, ýokumlylyk derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Şunda aşpezleriň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitaby esasy gollanma öwrendiklerini nygtamak gerek.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde gulluk edýän harby gullukçylara hem sag-aman gulluk etmeklerini we üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen täze ýaşaýyş jaýyna geldi. Döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açaryny alan harby gullukçy N.Kowusow hormatly Prezidentimizi mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz harby gullukçy we onuň maşgala agzalary bilen söhbetdeş bolup, bu ýerde döredilen şertler bilen gyzyklandy.

Harby gullukçynyň çagalary ýürek joşgunyny goşgy setirleriniň hem-de buýsançly sözleriň üsti bilen ýetirdiler. Harby gullukçy Watan goragçylarynyň mukaddes gulluk borjuny berjaý etmegi we dynç almagy, şeýle hem olaryň maşgala agzalarynyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden harby gullukçynyň maşgala agzalary hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda edýän ähli aladalary üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumynyň çäginde harby gullukçylardyr olaryň maşgala agzalary üçin jemi 96 hojalyga niýetlenen, her biri 48 öýli, 2 gatly 2 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, şeýle hem sadaka jaýy, dükan, çagalar oýun meýdançasy, awtoduralga göz öňünde tutulypdyr.

Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylary we olaryň maşgalalaryny zerur amatlyklar bilen üpjün etmegiň yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýtdy hem-de ýaşaýyş jaýynda döwrebap şertleriň, çagalar üçin mümkinçilikleriň döredilendigini belläp, maşgala agzalaryny täze toplumyň açylmagy, täze jaýa göçüp gelmekleri bilen gutlady. Soňra maşgala agzalaryna sowgatlar gowşuryldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz harby gullukçynyň maşgala agzalarynyň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi. Ýagşy däp-dessurlara eýerip, täze jaýdan paýly bolan bagtyýar maşgalanyň hoşallygynyň alamaty hökmünde hormatly Prezidentimize toý düwünçegi gowşuryldy.

N.Kowusow Watan goragçylarynyň mukaddes gulluk borjuny berjaý etmekleri, maşgala agzalarynyň abadan durmuşda ýaşamaklary ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we harby kasama wepaly bolup, ýurdumyzyň asudalygyny goramak ýaly mukaddes wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmekde yhlas-başarnygyny gaýgyrman gulluk etjekdigine ynandyrdy hem-de harby kasam etdi.

Amatly ýaşaýyş we dynç alyş üçin ähli zerur şertler bilen üpjün edilen, ýyladyş hem-de sowadyş ulgamlary ornaşdyrylan täze jaýlaryň binagärlik çözgüdine, bezegine hem uly üns berlipdir. Olaryň myhmanlar hem-de çagalar üçin niýetlenen giň, ýagty otaglary, şeýle hem ýatylýan otaglary döwrebap mebel önümleri bilen enjamlaşdyrylypdyr. Döwrebap aşhana hem jaýlaryň gurluşyk işleriniň ösen talaplara laýyk derejede ýerine ýetirilendigini görkezýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş jaýyndan çykdy hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň binalar we desgalar toplumyna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregi birkemsiz abadanlaşdyrylypdyr. Bu ýerde dürli gülleriň hem-de saýaly baglaryň ekilmegi ekologiýa abadançylygyny saklamaga ýardam edýär. Şeýle hem toplumda körpe nesliň dynç almagy, sagdyn hem-de erkana ösmegi üçin niýetlenen oýun meýdançasy döredilipdir. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy ugrunda ählitaraplaýyn alada etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendiginiň aýdyň beýanydyr.

Harby bölümiň täze binalar we desgalar toplumynyň çäginde sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikleri geçirmäge we ýaryşlary guramaga niýetlenen meýdançalar bar. Munuň özi harby gullukçylaryň söweşjeň tälim almak bilen bir hatarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklarynda we sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmaklarynda ähmiýetlidir.

Harby gullukçylaryň göwnejaý gullugy we döwrebap ýaşaýşy üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Çünki harby gullukçylar ata Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ýerüsti, deňiz we asman giňişliginiň ygtybarly goragyny üpjün edýärler. Şeýle asylly wezipäni ýerine ýetirýän harby gullukçylara döwletimiz tarapyndan aýratyn hormat goýulýar. Toplumyň çäginde täze ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilmegi we olaryň harby gullukçylara sowgat berilmegi hem şeýle aladalaryň netijesidir.

Soňra döwlet Baştutanymyz sadaka jaýyna bardy.

Bu ýerde halkymyzyň asylly ýol-ýörelgelerini dowam etdirip, sadaka bermek we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm ähmiýetli wakalaryň, döwletli tutumlaryň hormatyna toý sadakalarynyň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu döwrebap bina hem harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň milli däplerimizi ýerine ýetirmegi üçin ähli şertleriň üpjün edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Soňra hormatly Prezidentimiz toplumyň çägindäki söwda nokadyna bardy.

Köpugurly söwda nokadynda alyjylara gündelik zerur bolan harytlaryň giň görnüşleri elýeterli edilipdir. Munuň özi ýaşaýjylar üçin goşmaça amatlyklary döredýär. Bu ýerde sahawatly türkmen topragynda bitýän miwelerdir gök önümler, türkmen telekeçileriniň öndürýän azyk we hojalyk harytlary, şeýle hem beýleki önümler alyjylara hödürlenýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň ilaty azyk harytlary bilen bökdençsiz üpjün etmek babatda berýän tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumyny gurduryp berendikleri üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hem-de Gahryman Arkadagymyza ähli harby gullukçylaryň adyndan hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Related posts

Prezident saýlawlary: saýlawçylaryň 71,90% ses berdi

Ata Watan Eserleri

Ähli oba ilaty giň zolakly internet ulgamy bilen üpjün ediler

Rusya’dan Türkmenistan’a davet

vepa