TEHNOLOGIÝA

Haker hüjümi: Instagramdan soňra Saýtymyza hüjüm

Ýadyňyzda bolsa ýakynda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň resmi @atavatanturkmenistan Instagram hasabyna haker  hüjümi bolupdy we hasabymyzy gysga wagtlyk ele geçirlipdi.  Tehniki toparymyzyň wagtynda eden tagallasy bilen Instagram hasabymyzy yzyna almak başartdy. Biz hasabymyzyň mundan soňra  @atavatanturkmen dowam etjekdigini Size habar beripdik.

Ata Watanymyz baradaky habarlarymyzdan bimaza bolýanlar bugün www.atavatan-turkmenistan.com saýtymyzyň admin panelini ele geçirmek üçin haker hüjümlerine başlady. Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Beýik Britaniýa we Niderlandiýa merkezli haker hüjümleriň dowamlylygy minutda 400 hüjüme çenli baryp ýetdi.  Tehniki toparymyzyň garşy goýmalary bilen haker hüjümleri başarnyksyz bolup, bize mälim bolşyna görä, olar esasan hem saýtymyza habar girilýän admin panelini ele geçirmek üçin açar koduny (password) ele geçirmek üçin synanşyk edýär.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty Türkmenistan baradaky habarlary dünýä halk köpçüligine, global habarlary bolsa ene dilimizde Türkmen okyjylaryna ýetirýän habar köprüsidir. Biziň pikrimizçe habarlarymyzdan bimaza bolýanlar saýtymyza garşy haker hüjümleri amala aşyrýarlar. Bu hüjümler gyzykly  we peýdaly habarlarymyz bilen okyjylarymyzyň göwnünden turmak üçin has köp zähmet çekmelidigimizi bize görkezýär diýip kabul edýäris.

 

 

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar