SPORT

Habib – Getži tutluşygy 24-nji oktýabrda geçiriler

“Absolute Fighting Championship” (UFC) ýaryşyňyň ýeňil agram boýunça kemeriniň eýesi russiýaly Habib Nurmagomedow özüniň nobatdaky tutluşygyny bu ugurdaky häzirki çempiony amerikaly Jastin Getži bilen şu ýylyň 24-nji oktýabrda geçirer. Bu barada UFC ýaryşynyň ýolbaşçysy Deýn Uaýt  “CNN” telelýamlymynda habar berdi.

Metbugat neşirleriniň habar bermegine görä,  Deýn Uaýt  tutluşygyň 24-nji oktýabrda geçiriljekdigini aýdyp, onuň nirede geçiriljekdigi barada hiç hili maglumat bermedi. Tutluşygyň ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde ýa-da BAE-niň Abu-Dabi şäherinde geçirilmegi mümkin.

Bu tutluşygy şu ýylyň 19-njy sentýabrynda Abu-Dabide geçirmek göz öňünde tutulypdy. Ýöne rus tarapy muňa garşylyk bildirdi. 3-nji iýulda Habibiň kakasy Abdulmanap Nurmagomedow aradan çykypdy.

Habib iň soňky tutluşygyny 2019-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda geçirdi. Ol şonda amerikaly Dastin Porýeniň ýeňip, kemerini saklap galypdy. Nurmagomedow 2018-nji ýylda çempion bolupdy. 31 ýaşly türgen 28 duşuşykda ýeňiş gazanyp, bir gezek ýeňildi.

Getži häzirki wagtda çempion hasaplanýar. Ol şu ýylyň maýynda Toni Fergýusony ýeňipdi. 31 ýaşly bu türgen hem 22 tutluşykda ýeňiş gazanyp, 2 gezek ýeňlişe sezewar bolupdy.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy