TEHNOLOGIÝA

“Google Chrome” täzelendi

Dünýäde 2,65 milliard ulanyjy bilen iň halanýan internet brauzeri bolan “Google Chrome”-yň 94-nji täze wersiýasy çykdy. “Android”, “iOS”, “MAC”, “Linux” we “Windows” ulanyjylary üçin çykarylan durnukly wersiýa köp täzelikleri öz ýany bilen getirdi.

“Google” kompaniýasynyň beren beýanatyna görä, çykan täze wersiýasy bilen 19 dürli howpsuzlyk näsazlyklary düzedildi. Şeýle-de bolsa, täze wersiýa; dürli näsazlyklary düzetmek, brauzeriň howpsuzlygy üçin täze görnüşleri ýaly täze aýratynlyklara eýedir.

Ozal, her 6 hepdede bir gezek “Chrome” brauzerini täzeleýän “Google” kompaniýays mundan beýläk 4 hepdede bir gezek täzeler. Şonuň netijesinde, näsazlyklar çalt aradan aýrylar.

 

Nobel baýragynyň eýeleri bu baýragy öz ýurtlarynda alarlar

 

Related posts

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

Ata Watan Eserleri

“Twitter” iň girdejisini 5 esse köpelder

Ata Watan Eserleri

Dünýädäki iň uly uçar ikinji uçuşyny amala aşyrdy