TEHNOLOGIÝA

“iPhone” awtoulag heläkçiligini habar berer

“Apple” kompaniýasy “iPhone” smartfonlarynyň awtoulag heläkçiligini anyklamagyny we gyssagly kömek belgisine awtomatiki usulda aýlamagyny isleýär.

ABŞ tehnologiýa ägirdi “Apple” ulanyjylary üçin täze howpsuzlyk aýratynlygyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Alnan maglumata görä, kompaniýa “iPhone” we “Apple Watch” modellerine awtoulag heläkçilikleri awtomatiki kesgitlemäge mümkinçilik berer.

Şeýle hem smartfonlarda özbaşdak awtoulag heläkçiliginde gönüden-göni gyssagly tiz kömek gullugyny çagyrmak hyzmatyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Bu aýratynlyk, awtoulag heläkçiligi ýüze çykanda, “Apple” enjamlarynda gurlan datçiklerden maglumatlary ulanar.

“Apple” kompaniýasy “iPhone” we “Apple Watch” ulanyjylaryndan maglumatlary ýygnamak arkaly çaknyşygy ýüze çykarmagy synagdan geçirýär.

Şeýle hem “Wall Street Journal” neşiriniň habaryna görä, “Apple” kompaniýasy öndürýän tehnologiýa enjamlarynda has köp saglyk we howpsuzlyk aýratynlyklaryny hödürlemek isleýär. Bularyň arasynda “Apple Watch” sagadyndaky gan basyşyny ölçeýän ulgam we termometr, “iPhone” telefonlaryndaky depressiýany we aň-düşünjäniň peselmegini kesgitlemek algoritmleri we beýlekiler bar.

 

Hindistan gurakçylygyň çözgüdini gözleýär

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar