TEHNOLOGIÝA

Täze tehnologiýa: Ses tolkunlary bilen zarýad bermek

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy täze tehnologiýany işläp düzýär. Şonuň netijesinde ses tolkunlary bilen zarýad bermek mümkinçiligi döreýär.

Zarýad beriş tehnologiýalarynyň ösmegi bilen ilki çalt zarýad beriji enjamlar, soňra bolsa simsiz zarýad berijiler peýda bolup başlady. Hytaýyň smartfon öndürijisi “Xiaomi” kompaniýasy zarýad bermek üçin täze bir tehnologiýany öňe sürýär.

Hytaýyň Milli intellektual eýeçilik dolandyryş gullugynyň (CNIPA) web sahypasynda çap edilen maglumata görä, “Xiaomi” ses tolkunlary bilen telefonlara zarýad bermek üçin täze patent aldy.

Bu tehnologiýanyň esasynda smartfonyň kabul edijisi ýörite akustiki yrgyldylary kabul etmek mümkinçiligine eýe bolar. Kabul edilýän ses tolkunlary batareýany güýçlendirmek üçin elektrik toguna öwrüler.

“Xiaomi”-niň üstünde işleýän täze tehnologiýasy häzirlikçe diňe patent bolup durýar. Şonuň üçin telefonlary ses tolkunlary arkaly zarýad bermek üçin garaşmaly bolmagymyz mümkin.

 

Lebap welaýatynda medeniýet hepdeligi geçirilýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanda “TELECOMWIFI” jemgyýetçilik “Wi-Fi” gerimini giňeldýär

“Bitdeer Technologies Group” Türkmenistanda ilkinji maglumat merkezini gurar

Russiýa Federasiýasy ilkinji indoneziýaly kosmonawtyň uçuşyny guramaga taýýar

ABŞ-da gumanoid robot sebäpli uçar gatnawy gijikdirildi

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler