TEHNOLOGIÝA

“Bitdeer Technologies Group” Türkmenistanda ilkinji maglumat merkezini gurar

«Ak şäherim Aşgabat» (WCA 2026) halkara maslahatynyň çäklerinde, ştab-kwartirasy Singapurda ýerleşýän dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýasy “Bitdeer Technologies Group” Türkmenistanda özüniň ilkinji iň döwrebap maglumatlary işläp taýýarlaýan merkeziniň gurluşygyny amala aşyrmagy meýilleşdirýändikleri barada habar berdi.

Bu beýanatyň öňýanynda taryhy waka bolup geçdi: düýn Türkmenistanyň esasy ministrlikleri — şol sanda Energetika ministrligi, Aragatnaşyk ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi — hem-de “Bitdeer Technologies Group” tehnologiýa toparynyň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama resmi taýdan gol çekildi. Bu strategik ylalaşyk Türkmenistanyň çalt depginler bilen ösýän şäher ekoulgamyna ýokary öndürijilikli hasaplama kuwwatlyklaryny we öňdebaryjy sanly düzümi integrasiýa etmek (gurnamak) ýolundaky iň möhüm ädim boldy.

Maslahatda çykyş eden “Bitdeer” kompaniýasynyň Ýakyn Gündogar, Merkezi Aziýa we Afrika boýunça hyzmatdaşlyk we işewürligi ösdürmek boýunça direktory Husame Naimi bu taslamanyň ýurduň ileri tutýan ugurlaryna doly laýyk gelýändigini belledi.

Häzirki wagtda maglumat merkezleri bütin ugurlar boýunça diňe bir energetika düzümine däl, eýsem maliýe, döwlet we beýleki degişli tehnologik hyzmatlara hem täsir edýändigi sebäpli, umumylykda şäherleriň we ýurtlaryň bütin ekoulgamy bilen özara baglanyşykly iş alyp barýarlar.

«Şäher maglumat merkezleri barha uly ähmiýete eýe bolýan blokçeýn we emeli intellekt tehnologiýalarynyň işini üpjün etmäge ukyplydyr. Şol sanda döwletiň özygtyýarlylygy jähedinden hem munuň ähmiýeti uludyr, sebäbi sebäbitleýin we global ýagdaýlaryň şertlerinde, häzirki wagtda daşary ýurtlarda saklanýan käbir maglumatlary öz ýurduňda, milli derejede ýerli şertlerde saklamak barha zerur bolup durýar. Mundan başga-da, bu tehnologiýalaryň transferine (geçirilmegine) ýardam edýär» diýip, ol belledi.

Çykyş eden wekil şeýle hem, taslamanyň ýurduň milli energiýa ulgamyna goşmaça agram salmagynyň deregine, täze energetika düzümini ösdürmäge kömek etmäge hem-de artykmaç ýa-da ulanylman duran energiýany girdejä öwürmegiň we eksport etmegiň innowasion usullaryny hödürlemäge gönükdirilendigini, bu girdejileriň bolsa daşary ýurt walýutasynda, mysal üçin, ABŞ-nyň dollarynda kesgitlenjekdigini belledi.

“Bitdeer” bu işe ýerli hünärmenleri çekmegi maksat edinýär, bu bolsa türkmen hünärmenlerine dünýä derejesindäki öňdebaryjy hasaplama merkezlerine hyzmat etmek üçin zerur bolan amaly tejribäni we tehniki usullary (nou-haulary) öwrenmäge mümkinçilik berer.

«Ak şäherim Aşgabat» halkara maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesine uly baha berip, “Bitdeer” kompaniýasynyň wekili döwlet resmileriniň we ministrlikleriň ýurdy maýa goýum ugruna öwürmek, şeýle hem ýurtda zerur taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli gerekli gurallary we düzümleri üpjün etmek ugrunda hususy pudaklar bilen işlemäge taýýardygyny aýratyn belledi.

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi