DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri, Liberal Demokratik partiýasynyň Ösüş strategiýasy boýunça ştab-kwartirasynyň başlygy Fumio Kişida bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň syýasy, parlamentara, partiýa gatnaşyklaryny, ykdysady we medeni-gumanitar ugurlaryny ösdürmek babatda pikir alyşyldy.

Duşuşygyň barşynda 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda merhum Sindzo Abeniň ýas dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýaponiýa saparynyň dowamynda şol wagt Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesini eýelän Fumio Kişida bilen geçiren duşuşygynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şeýle hem 2022-2024-nji ýyllarda Ýaponiýanyň Premýer-ministri wagtynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçiren telefon söhbetdeşlikleri mähirli ýatlanyldy we Türkmenistanyň Hökümetiniň Ýaponiýa bilen gatnaşyklara berýän ünsi aýratyn bellenildi.

Şeýle hem, duşuşykda türkmen-ýapon syýasy, parlamentara, partiýa gatnaşyklaryny ösdürmegiň anyk ugurlary, himiýa pudagynda iri taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýan ýapon kompaniýalaryna goldaw bermek we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Ilçisi Hubeý welaýatynda geçirilen çärelere gatnaşdy