TEHNOLOGIÝA

NASA Aýda oba gurmagy meýilleşdirýär

Amerikanyň kosmos gullugy NASA 2035-nji ýyla çenli Aýda adamlaryň ýaşap biljek obasyny gurmagy maksat edinýär. Bu barada guramanyň wagtlaýyn ýolbaşçysy Şon Daffi Sidneý şäherinde geçirilen Halkara astronawtika kongresinde habar berdi.

Ol geljekki on ýyllykda NASA-nyň diňe bir stansiýa däl-de, adamlaryň ýaşap biljek doly obasyny Aýda döretmek isleýändigini belledi. Daffiniň aýtmagyna görä, ol ýerde adamlaryň hemişelik ýaşamagy üçin ähli şertler dörediler.

2026-njy ýylyň fewral aýynda NASA “Artemida-II” atly uçuşy amala aşyrmagy we 4 astronawty 50 ýyldan soň ilkinji gezek Aýa ugratmagy meýilleşdirýär.

Bu gezek Aýyň ýüzüne gonmak göz öňünde tutulmasa-da, kosmos gullugynyň esasy maksady şol ýerde oba döretmek bolup durýar. Çaklamalara görä, oba ýadro energiýasy bilen işlejek, astronawtlary hemişelik kabul edip biljek we Aýyň ýüzünden tapylan materiallardan gurlar.

Şon Daffi NASA-nyň Aýda oba gurlandan soň Marsa gonmaga uly ädimler bilen gitmegi maksat edinýändigini hem aýtdy.

Ýene-de okaň

“Toyota” satuw boýunça rekord goýdy

Aşgabatda «Ýaş inžener — 2026» atly bäsleşik geçirildi

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler