SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaý ýaş hünärmenler üçin täze wiza görnüşini girizýär

1-nji oktýabrdan başlap Hytaýda ýaş daşary ýurtly ylym we tehnologiýa boýunça hünärmenler üçin niýetlenen täze “K” kategoriýaly wiza güýje girer diýip, Hytaýyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

— Hytaýly we daşary ýurtly ýaş ylmy-tehniki hünärmenleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy hem-de gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, hytaý tarapy adaty wizalaryň görnüşleriniň arasynda täze görnüşi — ylym-tehnologiýa ugry boýunça ýaş hünärmenler üçin “K” kategoriýaly wiza girizmek kararyna geldi — diýip, ministrligiň metbugat sekretary Go Jiaýun geçirilen brifingde belläp geçdi.

Häzirki bar bolan 12 görnüşdäki adaty wizadan tapawutlylykda, täze wiza has köp giriş rugsadyny, has uzak möhletde ýurtda galmaga mümkinçilik berýär.

Hytaýa girenden soň, bu wizanyň eýeleri bilim, medeniýet, ylmy-tehniki alyş-çalyşlara, şeýle hem telekeçilik we işewürlik başlangyçlaryna gatnaşyp bilerler.

Wizany almak üçin ýaş, bilim derejesi we iş tejribesi boýunça esasy talaplara laýyk gelmek zerur. Hytaý iş berijisiniň ýa-da guramasynyň çakylygy talap edilmeýär. Resmileşdiriş prosedurasy hem ýeňilleşdirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy