PEÝDALY MASLAHATTEHNOLOGIÝA

“Türkmentelekom” köpçülikleýin ýerlerde, howa menzillerinde we şypahanalarda Wi-Fi mümkinçiligini hödürleýär

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiñ «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna Aşgabat şäherindäki köpçülikleýin ýerlerde hem-de paýtagtymyzyň halkara howa menzilinde TELECOMWIFI simsiz internete amatly elýeterliligi hödürleýär. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem, TELECOMWIFI hyzmaty «Arçman», «Baýramaly», «Mollagara», «Farap», «Daşoguz» we «Bagabat» ýaly sagaldyş şypahanalarynyñ çäginde hem elýeterlidir.

TELECOMWIFI nyrhnamalary bilen «Türkmentelekom» kärhanasynyň şu sahypasynda tanşyp bilersiňiz: https://telecom.tm/ru/wifi/.

«Türkmentelekom» tarapyndan hödürlenýän ýokary tizlikli simsiz internet garaşylýan, dynç alynýan we sagaldyş zolaklarynda durnukly aragatnaşygy hem-de amatly birikmäni üpjün edýär.

Giñişleýin maglumat üçin 071 belgisi boýunça ýüz tutup bilersiñiz.

Related posts

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi

Köpçülikleýin suwa düşmeklik: Dynç alýan adamlaryň janyny we saglygyny goramak

Ata Watan Eserleri

Dinozawryň skeleti auksionda 930 müň ýewro satyldy