BILIM

Türkiýäniň Ýokary bilim guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim guramasynyň başlygy Erol Özwaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory we Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim guramasynyň başlygy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar. Şunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde daşary ýurt dilleri bilen bir hatarda türk dili we edebiýaty hünäri boýunça ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylýandygy bellenilip geçildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda döredilýän giň mümkinçilikler üçin iki döwletiň Baştutanlaryna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Related posts

Talyp-2022:«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri

Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebi: Talyp:2021

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda robot gämi ýaryşy geçirildi