BILIM

“Sanly çözgüt—2025” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýaşlaryň arasynda geçirilen “Sanly çözgüt—2025” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Gatnaşyjylar emeli intellekt, robot tehnikasy we awtomatizasiýa, akylly oba hojalygy tehnologiýalary, “Akylly şäher”, bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk we hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlar boýunça öz täze innowasion pikirlerini we taslamalaryny hödürlediler.

Eminler toparynyň garamagyna akylly robotlar, wirtual kömekçiler, ýüz tanamak ulgamlary, şeýle hem mobil goşundylar we ses buýruklary arkaly dolandyrylýan elektron enjamlar ýaly täze işläp düzmeler hödürlendi.

Bäsleşigiň çäklerinde eminler topary 360-dan gowrak taslamany gözden geçirdi. 

42 sany ýaş we zehinli IT-hünärmeniň işleri iň gowusy diýlip ykrar edildi.

Birinji orna mynasyp bolanlar:

  • Nurgeldi Öwezow (Emeli intellekt)

  • Annageldi Hydyrow (Sanly lukmançylyk)

  • Jeyhun Jumaşow (Bilim we elektron okuw)

  • Aýnur Çakyýewa (Akylly şäher)

  • Arslan Rejepow (Akylly oba hojalygy tehnologiýalary)

  • Myratberdi Myratberdiýew (Hyzmatlar ulgamy)

  • Suraý Guljanowa (Robot tehnikasy we awtomatizasiýa)

Bäsleşikdäki eminler topary işleri olaryň özboluşlylygy, elýeterliligi, ýerine ýetirilişiniň hili, şeýle hem jemgyýetçilik, ykdysady, önümçilik we dolandyryş meselelerini çözmekdäki ähmiýeti boýunça bahalandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ähli birinji, ikinji we üçünji orunlaryň ýeňijilerine diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew gowşurdy.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar