JEMGYÝET

«Ak şäherim Aşgabat» atly halkara sergisi geçirilýär

Şu gün, 24-nji maýda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergisi we maslahaty öz işine başlady.

Aşgabat şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan Köpugurly serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar we paýtagtyň köpsanly jemgyýetçilik wekilleri türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de telekeçileri gatnaşdylar.

Sergide milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň 150-den gowrak diwarlygy ýaýbaňlandyryldy. Olar dürli pudaklaryň hem-de halk hojalygynyň düzümleriniň ýeten belent sepgitleri we gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşdyrýarlar, şeýle-de türkmen paýtagtynyň senagat, medeniýet we bilim mümkinçiliklerini, onuň ägirt uly durmuş-ykdysady şertlerini giňden açyp görkezýär.

Halkara Maslahata dünýäniň 30 ýurdundan 400-den gowrak wekil gatnaşýar. Maslahat «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Ak şäherim Aşgabat – geljegiň we mümkinçilikleriň şäheri» atly umumy mejlis bilen açylar, bu ýerde esasy üns durnukly ösüşiň we innowasiýa tehnologiýalaryň mysaly bolan paýtagtymyzyň tutýan ornuna jemlener. Giň gerimli maslahatyň maksatnamasynda BMG-niň edaralarynyň ýokary derejeli wekilleriniň çykyşlary göz öňünde tutulýar.

BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktory Anaklaudiýa Rossbah, Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Siýun Szou Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalar, şeýle hem “Aşgabat-Siti” başlangyjy barada gürrüň bererler.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Eýrandan gelýänlere ynsanperwerlik goldawyny bermegi dowam edýär

Hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitinde çykyş etdi

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa-Hytaý» sammitine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammiti üçin Astana bardy

Astanada “Merkezi Aziýa-Hytaý” görnüşindäki II sammit geçiriler