Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly başlangyçlarynyň, özgertmeleriniň, ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň we ägirt uly taslamalaryň özenini döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky aladalar düzýär. Agzybirlik, parahatçylyk we ynanyşmak bolsa ähli ynsanlaryň küýsegidir, bagtyýar ýaşaýşynyň gönezligidir. Çünki parahatçylyk, agzybirlik, dostluk – bahasyz gymmatlyk. Olar – umumy sazlaşyk, bagtly durmuşyň gözbaşy. Parahatçylyga sarpa goýýan, agzybirligi ýörelge edinen halky bolan döwlete diňe ösüşler ýar bolýar. Parahatçylyk, agzybirlik, dostluk Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň esasy ýörelgesidir, bu üç mukaddesligiň sazlaşygy bolsa Bitaraplyk syýasatynyň özenini düzýär.
Hormatly Prezidentimiziň bitaraplyk syýasatymyzdan gelip çykýan paýhasly başlangyçlary bütin dünýäde giňden ykrar edilýär. Türkmenistan diňe öz milli bähbitlerini däl, eýsem, sebitara hyzmatdaşlygyny, ikitaraplaýyn özara peýdaly we hoşniýetli gatnaşyklary ileri tutýar. Bu bolsa ýurdumyzyň daşary syýasatynyň parahatçylygy, agzybirligi, dostlugy ähli zatdan belentde goýýandygyna şaýatlyk edýär.
Şeýle ajaýyp döwürde her ýylyň 18-nji maýynda uly baýramyň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň giňden we dabaraly bellenip geçilmegi aýratyn ähmiýete eýe. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy halkara derejede bellenilýän 2025-nji ýylda bu şanly sene has üýtgeşik taryhy öwüşgine eýe bolýar. Konstitusiýada we baýdakda milletimiziň mertebesi, sarpasy, buýsanjy, döwletimiziň kuwwaty, taryhy, şu güni hem-de geljegi şöhlelenýär. Olarda şöhratly ata-babalarymyzyň özbaşdak, erkin we abadan döwlet gurmak baradaky arzuwlary, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşy jemlenýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmagy maksat edinip, her bir adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny kepillendirip, jemgyýetde raýatlyk asudalygyny, milli agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň hem-de demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny, dünýäde dost-doganlygy, halkara parahatçylygy berkarar etmäge gönükdirilen esasy kanun bolup hyzmat edýär.
Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň şanyna tutulýan toýlar halkymyzyň gadymyýetden biziň günlerimize çenli gelip ýeten asylly däpleriniň, milli ýörelgeleriniň dowamatydyr. Toýlary goşa-goşadan tutulýan türkmen halkynyň ýokary döredijilik ruhy, milli döwletlilik ýörelgeleri bu baýramçylykda mynasyp beýanyny tapýar. Konstitusiýa biziň milli döwletliligimiziň, jemgyýetçilik gatnaşyklarymyzyň beýany bolsa, baýdak halkymyzyň tutuş dünýäde ykrar edilmeginiň aýdyň güwäsidir. Baýdak milli buýsançdyr. Baýdak dowamatdyr. Baýdak ygrarlylykdyr. Baýdak mertebedir. Bu iki gymmatlyk halkymyzyň bir bitewi gymmatlyga, ýagny agzybirlige eýermeginiň gözbaşy hökmünde çykyş edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, agzybir halkymyzyň halal hem yhlasly zähmeti bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň barha rowaçlanýandygyna şaýat bolýarys. Mälim bolşy ýaly, agzybirlik, jebislik we bitewülik ýörelgesi döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.
Ýaşyl Tugumyzyň astynda Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine daýanýan umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlarymyz, tutumly işlerimiz barha rowaçlanýar. Konstitusiýamyzda jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň eşretli durmuşda ýaşamagy hakyndaky alada ileri tutulyp, ol agzybirligimizi, döwletliligimizi alamatlandyrýar. Ýaşyl Tugumyzy gujurly gollarda berk tutup, ýeneki ýeňişlere tarap ynamly barýarys.
Kalbymyzda joşgun, çäksiz buýsanç döredýän bu baýram Esasy Kanunymyza, ýaşyl Tugumyza goýýan hormatymyzy bütin aýdyňlygy bilen dabaralandyrýar. Berkarar döwletimizi has-da gülledip ösdürmekde bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Biziň mekdebimiziň okuwçylary hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli täze eserleri döretdiler. Olarda eziz ata Watanymyza, ýurdumyzyň döwlet nyşanlaryna, milli gymmatlyklarymyza beýik söýgi, hormat beýan edilýär.
Halkymyzyň mizemez agzybirligini, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine ygrarlydygyny, ýurt berkararlygyny dabaralandyrýan bu goşa senäni giňden bellemäge ajaýyp mümkinçilikleri döreden Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Gülnur Hojaýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.