JEMGYÝET

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky “Garagum” myhmanhanasynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlisine  Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew, Aksakgallar geňeşiniň Gyrgyz Respublikasyndan agzasy Medetkan Şerimkulow, Aksakgallar geňeşiniň Gazagystan Respublikasyndan agzasy Ikram Adyrbekow, Aksakgallar geňeşiniň Özbegistan Respublikasyndan agzasy Sodikžon Turdiýew hem-de Aksakgallar geňeşiniň Wengriýadan agzasy Attila Tilki gatnaşdy.

“Ata Watan Media” toparynyň hem çagyrylan ürki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi giňeldilen düzümdäki duşuşygynda guramanyň çägindeki halk hojalygynyň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, Aksakgallar geňeşiniň alyp barýan işleri we geljekki meýilnamalary barada garaýyşlar beýan edildi.

Aksakgallar geňeşi maslahat beriji edara bolup, onuň düzümine Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň görnükli jemgyýetçilik işgärlerinden saýlanan ýaşulular girýär. Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň asyrlaryň dowamynda özara hormat goýmagyň, dost-doganlygyň, ruhy päkligiň we asylly işleriň aýy hasaplanýan mukaddes Oraza aýynyň ilkinji gününde geçirilýändigini bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri bu geňeşiň agzasydyr.

Ýene-de okaň

2026;Hepdelik täleýnama (27-nji aprel-03-nji maý)

Türkmen suratkeşi TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy

35 çapyksuwaryň gatnaşmagynda «Amul-Hazar» atly ýörişi geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini bedew baýramy bilen gutlady

Rustam Minnihanow: Tatarystan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde Russiýanyň esasy merkezi

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy