JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Hususan-da, taraplar sebit howpsuzlygy boýunça pikir alyşdylar. Şunda öňüni alyş diplomatiýasynyň mazmunyny düzýän we çylşyrymly ýagdaýlaryň, şol sanda gapma-garşylyklaryň öňüni almaga gönükdirilen syýasy-diplomatik serişdeleri we usullary ulanmagyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem taraplar Hazar deňzi meselesiniň aýry-aýry ugurlaryna degip geçdiler, hususan-da, Hazar deňziniň parahatçylyk, ylalaşyk we hoşniýetli goňşuçylyk giňişligi bolup durýandygy baradaky meselelere aýratyn üns berildi. Şol bir wagtda, Hazar deňzindäki ekologiýa meselelerini çözmek boýunça köptaraplaýyn özara hereketleri işjeňleşdirmegiň zerurlygy bellenildi.

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki döwletiň arasyndaky diplomatik gepleşikleri ösdürmegiň zerurlygyny bellediler we şol sebäpli Daşary işler ministrlikleri arkaly yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşlik eýran tarapynyň başlangyjy bilen amala aşyryldy.

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar