SPORT

Messiniň nobatdaky rekordy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi dünýä çempionatlarynyň taryhynda yzly-yzyna 7 duşuşykda gol urmagy başaran ilkinji futbolçy boldy.

Ol öz milli ýygyndysynyň dünýä çempionatyndaky üçünji tapgyrynda Iordaniýanyň ýygyndysyna garşy geçirilen oýunda-da gol urmagy başardy. Bu tapgyr 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň 1/8 final oýnundan bäri dowam edip gelýär. Bu döwrüň içinde futbolçy 11 pökgi girizip, çempionatyň bütin taryhyndaky iň ökde golçy boldy. Indi onuň hasabynda 19 gol bar.

Mundan öň Messi bu görkeziji boýunça birinji orny iki oýunçy bilen paýlaşýardy. Ýzly-yzyna alty duşuşykda gol urmak fransuz hüjümçisi Žüst Fontene we braziliýaly forward Žairzinýo başardypdy. Şunda olar bir çempionatyň dowamyndaky alty duşuşykda gol urupdylar: fransuz 1958-nji ýylda, braziliýaly bolsa 1970-nji ýylda.

Messi 2006-njy ýyldan bäri ilkinji gezek dünýä çempionatynyň oýnunda ätiýaç galdy. Ol Iordaniýanyň ýygyndysy bilen geçirilen oýnuň 60-njy minutynda meýdança çykdy. Häzirki wagtda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän çempionatda futbolçy öz hasabyna jemi 6 gol ýazdyrmagy başardy.

Messi Argentinanyň düzüminde 202-nji duşuşygnda oýnap, ol dünýä çempionatlaryndaky gollarynyň sanyny 19-a ýetirdi. Bu ugurdaky rekord ozal, 16 gol bilen nemes futbolçy Miroslaw Kloze degişlidi.

Messi bu rekordy artdyryp barýar. Ony ýetmegi başarjak futbolçylaryň hatarynda fransuz ýyldyz Killian Mbappe bar. Onuň hem dünýä çempionatlaryndaky goly 16-a deň boldy.

Messiniň 39 ýaşy bar, ol 2023-nji ýyldan bäri Demirgazyk Amerikanyň Baş futbol ligasynyň (MLS) «Inter Maýami» klubynda çykyş edýär. Ýewropada argentinaly futbolçy Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» we Ispaniýanyň «Barselona» klublarynda oýnady. Messi «Altyn pökgi» baýragynyň sany boýunça (8) rekorda eýedir.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy

Futbol boýunça dünýä çempionaty tomaşaçy sany boýunça rekord goýdy