SPORT

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynyň ähli jübütleri mälim boldy. Ýekşenbe gijesi çempionatyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlary tamamlandy.

ABŞ-nyň, Meksikanyň we Kanadanyň bilelikde gurnaýan dünýä çempionaty gyzykly duşuşyklary bilen dowam edýär. Çempionatyň toparçalardaky duşuşyklary tamamlandy. 3 tapgyryň dowamynda 72 duşuşyk geçirilip, köp sanly rekordlar täzelendi.

Toparçada 1-nji we 2-nji orny eýelän, şeýle hem toparçalarda iň gowy oýun görkezen 8 milli ýygyndy indiki pleý-off tapgyryna çykdy. Mundan soňra utulan ýygyndy çempionat bilen hoşlaşyp, ýurduna dolanýar.

Pleý-off tapgyry Günorta Afrika Respublikasy — Kanada (28-nji iýun, Inglwud) oýny bilen başlanýar.

  • Braziliýa — Ýaponiýa (29-njy iýun, Hýuston)
  • Germaniýa — Paragwaý (29-njy iýun, Foksboro)
  • Niderlandlar — Marokko (30-njy iýun, Monterreý)
  • Kot-d’Iwar — Norwegiýa (30-njy iýun, Arlington)
  • Fransiýa — Şwesiýa (1-nji iýul, Ist-Raterford)
  • Belgiýa — Senegal (1-nji iýul, Sietl)
  • Meksika — Ekwador (1-nji iýul, Mehiko)
  • Angliýa — Kongo Demokratik Respublikasy (1-nji iýul, Atlanta)
  • Ispaniýa — Awstriýa (2-nji iýul, Inglwud)
  • ABŞ — Bosniýa we Gersegowina (2-nji iýul, Santa-Klara)
  • Portugaliýa — Horwatiýa (3-nji iýul, Toronto)
  • Awstraliýa — Müsür (3-nji iýul, Arlington)
  • Şweýsariýa — Alžir (3-nji iýul, Wankuwer)
  • Argentina — Kabo-Werde (4-nji iýul, Maýami)
  • Kolumbiýa — Gana (4-nji iýul, Kanzas-Siti) duşuşyklary geçiriler.

Taryhda ilkinji gezek 48 milli ýygyndynyň gatnaşýan ýaryşy 19-njy iýulda tamamlanar.

Ýene-de okaň

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi