SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

28-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Ownuk zatlar üçin alada etmezlige çalşyň. Aladalanmaga esas döredýän ýagdaýlar köp bolsa-da, olar ilkinji seredişde görünşi ýaly çynlakaý däldir. Siz bolup biljek wakalara köplenç garaňky nazar bilen seredip iň erbet netijäni göz öňüne getirýärsiňiz. Emma ýyldyzlar bu gün sizi goldaýar. Şonuň üçin köp ýagdaý garaşyşyňyzdan hem has üstünlikli çözüler.Gyzykly hasaplaýan adamlaryňyz bilen duşuşmaga olaryň hormatyny we ynamyny gazanmaga mümkinçilik dörär. Täze romantik duýgular döremegi ýa-da çynlakaý gatnaşyga öwrüljek söýginiň başlanmagy hem mümkindir.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün örän amatly geçer. Hünär ugruňyzda oňyn özgertmeler bolup biler. Geljekde uly girdeji getirjek taslama gatnaşmaga mümkinçilik alarsyňyz. Daşyňyzdaky adamlar sizi goldarlar hatda abraýly we täsirli adamlar hem kömek sorasaňyz goldawyny gaýgyrmaz.Maliýe meselelerini çözmek üçin amatly gün. Pul, satyn alyş ýa-da maýa goýum bilen bagly kararlarda içki duýgyňyz sizi ýalňyşdyrmaz. Ýakynlaryňyz tarapyndan ýakymly sowgat ýa-da şatlykly habar almagyňyz mümkin. Günüňiz işewürlik we şahsy duşuşyklar üçin hem örän amatly bolar. Esasanam resmi däl şertlerde geçiriljek söhbetler peýdaly we ýakymly täsir galdyrar.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün siziň üçin üstünlikli geçer. Köp işleriňiz ugruna bolar, öňüňizde täze mümkinçilikler açylar. Abraýly adamlar bilen ýakyndan tanyşyp, olaryň goldawyny gazanmaga ýa-da geljekde peýdasy degjek ýaranlary tapmaga mümkinçilik dörär. Ozal düşünişmek kyn bolan adamlar hem bu gün sizi ýarym sözüňizden düşünerler. Täze tanyşlyklaryň söýgi gatnaşyklaryna öwrülmegi hem mümkindir. Munuň üçin diňe öz wagtynda başlangyç görkezmek ýeterlik bolar.Iş bilen bagly garaşylmadyk we gyzykly teklipler gelip biler. Şeýle hyzmatdaşlyk diňe bir peýdaly bolman, eýsem size täze tejribe toplamakda hem uly ýardam berer.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Üstünlik gazanmak üçin bu gün her ädimi öňünden oýlanyşykly meýilleşdirmek möhümdir. Näçe ir anyk meýilnama düzseňiz, şonça-da netijeli hereket edersiňiz. Maksadyny we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemedik Esetler üçin gün biraz kyn geçip biler. Şeýle ýagdaýda dogry karara gelmek aňsat bolmaz.
Maliýe ýitgileriniň ýa-da oýlanyşyksyz satyn alyşlaryň bolmagy mümkin. Şonuň üçin pul serişdeleriňizi tygşytly ulanyň. Günüň adaty tertibini saklamak hem kyn düşer. Garaşylmadyk myhmanlar, duşuşyklar ýa-da söhbetdeşlikler meýilnamalaryňyzy üýtgedip biler. Şeýle hem iň bolmanda şu gün zyýanly endiklerden daşda durmak maslahat berilýär.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün maksadyňyza ýetmek üçin adaty bolmadyk usullary saýlap bilersiňiz. Emma olaryň hemmesi garaşylan netijäni bermez. Şonuň üçin aýratyn-da möhüm işler bilen meşgullanýan bolsaňyz, seresaply we öňdengörüjilikli hereket ediň. Ýakyn dostlaryňyzyň ýa-da ynamdar maslahatçylaryňyzyň pikirleri size peýdaly bolup biler.Wakalar isleýşiňizden biraz haýal ösmegi mümkin. Şeýle ýagdaýda howlukmaň we başgalary hem gyssamaň. Işleriň gijä galmagyna sabyrly çemeleşiň. Ulag sürýän Sünbüleler, esasanam günüň ikinji ýarymynda, ýolda örän ünsli bolmalydyrlar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Günüň ilkinji ýarymy duýgulardan doly bolar. Bu wagtda bolup geçýän wakalara adatdakydan has duýgur çemeleşersiňiz. Ownuk zatlar hem sizi aladalandyryp, keýpiňize täsir edip biler. Şeýle pursatda ýanyňyzda sizi köşeşdirip oňyn pikirlenmäge ýardam etjek adamyň bolmagy örän peýdaly bolar.
Wagtyň geçmegi bilen ýagdaý kadalaşar. Ünsüňizi möhüm meselelere jemläp öňüňizde duran işleri üstünlikli ýerine ýetirersiňiz. Ozal başa barmadyk işlerde hem oňyn netijeleri gazanmak mümkinçiligi dörär. Emma oýlanyşyksyz satyn alyşlardan saklanmak maslahat berilýär.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün daş-töweregiňizdäkiler bilen düşünişmek ýeňil bolmaz. Siz köplenç diňe öz pikiriňizi dogry hasaplap başgalaryň garaýyşlaryna kän üns bermersiňiz. Köp meselede dogry bolsaňyz-da, şeýle çemeleşme käbir ýakymsyz ýagdaýlara getirip biler. Öň size ençeme gezek goldaw beren adamlar bilen düşünişmezlik döremegi mümkin.Ýeke özbaşdak ýerine ýetirýän işleriňizde üstünlik gazanarsyňyz. Esasanam bilim alýanlar ýa-da ylmy-barlag işi bilen meşgullanýanlar üçin ýyldyzlar örän amatly. Şeýle hem soňky döwürde görmegi küýsäp ýören adamlaryňyzdan şatlykly habar almagyňyz mümkin.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün iş işewür gepleşikler we kärdeşler ýa-da geljekki hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar üçin örän amatlydyr. Siz pikirdeş adamlaryňyz bilen aňsatlyk bilen düşünişip, umumy maksatlar ugrunda ylalaşyga gelip bilersiňiz. Gazanan üstünlikleriňiz barada gürrüň bermäge çekinmäň. Bu gün özüňizi ýerlikli tanatmak size täze mümkinçilikleriň gapysyny açyp biler.Maliýe taýdan hem şowly gün. Garaşylmadyk pul girdejileri bolup biler. Käbir Kowslar ýakyn wagtda uly girdeji getirjek şertnamalara gol çekerler. Şeýle hem köpçülikleýin çärelere gatnaşmak maslahat berilýär. Ol ýerde diňe wagtyňyzy hoş geçirmek bilen çäklenmän, geljekde peýdasy degjek täze tanyşlyklary hem gazanarsyňyz.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün birneme dartgynly geçse-de, örän netijeli bolar. Öňüňizde köp işler peýda bolar we köplenç bir işden beýlekisine tiz geçmeli bolarsyňyz. Ünsüňizi jemlemek aňsat düşmese-de, möhüm ýalňyşlyklara ýol bermersiňiz. Şertnamalary baglaşmak, işewür gepleşikleri geçirmek üçin amatly gün. Maliýe ýagdaýyňyz hem oňyn bolar, garaşylmadyk pul girdejileri gelip biler. Käbir Jediler ozal ýerine ýetiren zähmeti üçin mynasyp sylag alarlar.Ruhy rahatlygy dikeltmekde zenanlar bilen geçiriljek söhbetler uly ýardam eder. Olar sizi ýarym sözüňizden düşüner, goldaw berýän sözleri tapmagy başararlar. Garaşylmadyk sowgatlar ýa-da ýakymly täsinlikler hem günüňizi has şatlykly eder.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün işden has köp dynç almaga we ýakymly söhbetdeşliklere laýyk gelýär. Işlere ünsüňizi jemlemek kyn bolar, gündelik borçlar size ýadawlyk duýgusyny döredip biler. Ýolbaşçylar ýa-da kärdeşler bilen gatnaşyklarda az-kem dartgynly ýagdaýlar ýüze çykmagy mümkin. Emma umumy maksady ýatdan çykarmasaňyz we işleri dogry gurasaňyz, düşünişmezlikleriň öňüni alyp bilersiňiz.Pul serişdeleriňizi sarp edeniňizde seresap boluň. Bu gün meýilleşdireniňizden has köp çykdajy etmek howpy bar. Günüň ikinji ýarymy syýahatlar we täze teklipler üçin amatly bolar. Garaşylmadyk mümkinçilikler öňüňizde täze gapylary açyp biler.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Günüň ilkinji ýarymy birneme çylşyrymly geçer. Bu wagt hakyky üstünliklerden has köp biderek umytlara we ýalňyş garaýyşlara aldanmak howpy bar. Şeýle ýagdaýda ilkinji nobatda öz güýjüňize daýanmaga çalşyň. Ozal hemişe goldaw beren adamlar hem bu gezek garaşyşyňyzy ödemän bilerler. Hatda ynamdar ýaranlaryňyz hem käbir meselelerde sizi lapykeç edip biler.Günüň geçmegi bilen oňyn täsirler güýçlener. Geljege ynam bilen garamaga hakyky sebäpler dörär. Günüň ikinji ýarymynda gyzykly tanyşlyklaryň bolmagy ähtimal. Käbir duşuşyklar romantik gatnaşyklaryň başlangyjyna öwrülip, geljek durmuşyňyzda möhüm orun eýeläp biler.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün käbir kynçylyklar ýüze çyksa-da, olar uzak dowam etmez. Siz döredijilikli we ugurtapyjy hereket edip, maksadyňyza ýetmek üçin adaty bolmadyk usullardan peýdalanarsyňyz. Zerur bolan ýagdaýynda töwekgelçilik etmekden hem çekinmersiňiz. Garaşylmadyk şowly ýagdaýlar ýüze çykyp, siz olardan üstünlikli peýdalanmagy başararsyňyz.Daşyňyzdakylara kömek etmäge çalşyň. Şeýle hereket diňe olara däl, size hem peýda getirer. Täze zatlary öwrenmäge we gymmatly tejribe toplamaga mümkinçilik dörär. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyz sazlaşykly bolar. Maşgalada düşünişmezlikleriň ýa-da jedelleriň ýüze çykmagyna esas bolmaz.
Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

26-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama 2026-06-22

27-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2026;Hepdelik täleýnama (22-nji -28-nji Iýun)

22-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

21-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

20-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama