SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

18-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün söýýän adamyňyz bilen gatnaşyklaryňyzda öňden bäri ünsüňizi çekýän bir meseläni ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döräp biler. Ýöne gürrüňiň dowamynda diňe öz garaýşyňyzy öňe sürmän, garşydaşyňyzyň pikirlerine hem düşünmäge çalşyň. Käbir Hamallar üçin garaşylmadyk habar ýa-da ýakymly duşuşyk günüň keýpini üýtgedip biler. Maşgully adamlar öýdäki ownuk düşünişmezlikleri ulaltmazlyga çalyşsa, agşam has rahat geçer.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün söýgi gatnaşyklarynda durnuklylyk we ynam esasy orunda durýar. Ýanýoldaşyňyzyň ýa-da söýýän adamyňyzyň hereketlerine aýratyn üns berip, onuň size bolan garaýşyna has çuňňur düşünip bilersiňiz. Ýalňyz Sowurlaryň durmuşynda täze tanyşlyk üçin amatly ýagdaý döräp biler. Emma ilkinji täsir bilen howlukmaç netije çykarmak dogry bolmaz. Duýgularyňyzyň näderejede çynlakaýdygyny wagtyň geçmegi bilen anyklarsyňyz.

 Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Siziň üçin bu günüň esasy temasy söhbetdeşlik we ýürekdeşlik bolar. Söýýän adamyňyz bilen öň ara alnyp maslahatlaşylmadyk mesele barada aç-açan gürleşmek mümkinçiligi dörär.Şeýle hem  käbir Jöwzalar uzak wagtlap habarlaşmadyk adamlaryndan garaşylmadyk jaň ýa-da hat alyp bilerler. Bu habar geçmişdäki ýakymly ýatlamalary täzeden ýatladyp biler. Emma köne duýgularyň täsirinde häzirki durmuşyňyzdaky möhüm zatlary ünsden düşürmäň.

 Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Maşgala agzalarynyň biri bu gün siziň goldawyňyza mätäç bolup biler. Ýakynlaryňyzyň aladasyny etmek bilen bir hatarda, öz duýgularyňyza hem üns bermegi unutmaň. Söýgi gatnaşyklarynda käbir Seretanlar ýanýoldaşyndan has köp üns we mähir garaşyp bilerler. Muny içiňizde saklaman, ýuwaşlyk bilen düşündirmek has netijeli bolar. Ýürekden aýdylan ýönekeý sözleriň hem gatnaşyklara oňyn täsir edip biljekdigini ýatdan çykarmaň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu gün iş babatda täze bir teklip ýa-da goşmaça jogapkärçilik gündeme gelip biler. Ilkibaşda bu ýagdaý size kyn ýaly görünse-de, onuň geljekde tejribäňizi artdyrjakdygyna düşünersiňiz. Emma günüň ikinji ýarymynda  söýgi durmuşynda garaşylmadyk bir ýagdaý ýüze çykyp biler. Ýanýoldaşyňyz ýa-da söýýän adamyňyz size öňküsinden has köp üns berip, hoş habar bilen begendirip biler.Ýalňyz Esetleriň arasynda özüne bolan ynamy we özboluşlylygy bilen tapawutlanýan birine gyzyklanma döräp biler. Şeýle-de bolsa, diňe daşky täsire däl, şol adamyň häsiýetine hem üns beriň. Gatnaşyklarda özara hormat we düşünje esasy ölçeg bolmalydyr.

 Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Sünbüleler üçin söýgi gatnaşyklarynda duýgularyň öňe çykjak güni bolar. Söýýän adamyňyz bilen araňyzda soňky wagtlarda dörän sowuklyk bar bolsa, bu gün onuň sebäbine düşünmäge mümkinçilik tapyp bilersiňiz. Käbir Sünbüleler ýoldaşynyň garaýşyna ýa-da özüne bolan gatnaşygyna täzeden baha bererler. Diňe owadan sözlere däl-de, ünsüň, aladanyň we hereketleriň näderejede yzygiderlidigini duýmak islärler.Maşgalaly Sünbüleler üçin bilelikde wagt geçirmek, öňden bäri ara alnyp maslahatlaşylmadyk meseleleri çözmek ähmiýetli bolar. Ujypsyz düşünişmezligiň uly dawa öwrülmegine ýol bermäň. Ýekelikdäki Sünbüleleriň durmuşynda bolsa öňden tanaýan bir adamynyň garaşylmadyk ünsi ýa-da täze tanyşlyk ýakymly täsir galdyryp biler. Bu gün ýüregiňiziň sesini diňläň, ýöne möhüm kararlary diňe bir pursatlyk duýgulara esaslanyp kabul etmäň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün şahsy durmuşyňyzda deňagramlylygy saklamak möhüm bolar. Söýýän adamyňyz bilen geljek üçin meýilnamalar barada pikir alyşmak, gatnaşyklaryňyzyň täze tapgyra geçmegine sebäp bolup biler. Käbir Mizanlar öňden bäri garaşýan ünsüni ýa-da mähirli sözüni alyp bilerler. Ýöne bir zady ýatda saklaň: gatnaşyk diňe bir adamyň tagallasy bilen ösmeýär. Iki tarapyň hem islegi we hereketi zerurdyr.

 Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Duýgularyňyzyň has güýçli duýulmagy mümkin. Söýgi gatnaşyklarynda öňden bäri ýüregiňizde saklaýan sowalyňyza jogap tapmak isläp bilersiňiz. Ýöne şübhe we esassyz gabanjaňlyk sebäpli ýakyn adamyňyz bilen aranyňyzy sowatmaň.Käbir Akraplar üçin şu gün möhüm bir duşuşyk ýa-da geljekki gatnaşyklara täsir etjek gürrüňdeşlik bolup biler. Çyn ýürekden aýdylan sözler köp zady aýdyňlaşdyrar.

 Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Söýgi durmuşynda täze täsirler we ýakymly pursatlar garaşýar. Ýalňyz Kowuslar  dostlarynyň üsti bilen täze biri bilen tanyşyp ýa-da öňden tanaýan adamy bilen has ýakynlaşyp bilerler.Emma  maşgalaly kowuslar bolsa bu gün bilelikde wagt geçirmek, gündelik aladalardan biraz daşlaşmak peýdaly bolar. Ýanýoldaşyňyzyň isleglerine üns bermek gatnaşyklaryňyza täze öwüşgin çaýyp biler. Şu gün ownuk ünsüň hem uly ähmiýeti bolar.

 Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Iş we gündelik jogapkärçilikler şahsy durmuşyňyza ýeterlik wagt goýmazlygyňyza sebäp bolup biler. Ýöne ýakyn adamyňyzyň hem siziň ünsüňize garaşýandygyny ýatdan çykarmaň. Käbir Jeddiler  üçin maşgala içinde geljek bilen bagly möhüm meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligi dörär. Ýalňyz wekiller bolsa täze gatnaşyk başlamaga howlukman, ilki bilen özlerine laýyk adamy tanamaga çalyşmalydyrlar.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )

Bu gün söýgi gatnaşyklarynda garaşylmadyk üýtgeşmeler bolup biler. Öň siziň bilen aragatnaşygyny kesen adam täzeden habarlaşyp biler. Şeýle ýagdaýda geçmişdäki wakalary ýatlap, öňki kararlaryňyza täzeden ser salmagyňyz mümkin. Emma diňe ýakymly ýatlamalar bilen çäklenmän, şol gatnaşyklaryň size näme berip biljekdigini hem oýlanyň. Maşgalaly  Daluwlar üçin bolsa çagalar bilen baglanyşykly ýakymly pursatlar garaşýar.

 Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün şahsy durmuşda käbir möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak zerurlygy ýüze çykyp biler. Ýakyn adamlaryň biri bilen öňden bäri çözülmän gelýän düşünişmezlik barada açyk gürleşmek mümkinçiligi dörär. Duýgularyňyzy gizlemegiň ýerine, öz garaýşyňyzy arkaýyn düşündirseňiz, garaşylmadyk derejede gowy netijä gelip bilersiňiz.Güniň ikinji ýarymynda romantiki duýgular we mähirli gatnaşyklara bolan islegiňiz güýçlenip biler. Söýýän adamyňyz bilen bilelikde geljek üçin arzuwlaryňyzy paýlaşmak, gatnaşyklaryňyzy has-da ýakynlaşdyrar. Ýalňyz Hutlar garaşylmadyk ýerde özlerine gyzykly görünýän biri bilen tanyşyp bilerler. Emma duýgularyňyzyň täsirinde ähli zady birbada çözmäge howlukmaň. Hakyky söýginiň diňe sözlerde däl, gündelik hereketlerde hem ýüze çykýandygyny ýatdan çykarmaň.

 

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

 

 

Related posts

19-njy fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri