JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen bilen duşuşdy.

O.Atabaýewa BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilhanasynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynyň möhüm ugurlaryny öz içine alýan onlarça bilelikdäki taslamany üstünlikli durmuşa geçirendigini belledi. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge ýardam berýär. Şeýle-de bu düzümiň her bir ýurduň özboluşly ösüş aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan ýurt boýunça maksatnamalarynyň ähmiýetine üns çekildi. “Biziň haýyr-sahawat gaznamyz üçin hyzmatdaşlyk strategiýasynyň çäginde jemgyýetiň abadançylygyny ýokarlandyrmak, saglygy goraýyş hem-de durmuş goraglylygy ulgamlaryny pugtalandyrmak ýaly ugurlar aýratyn orna eýedir” diýip, O.Atabaýewa belledi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen geçirilen duşuşykda O.Atabaýewa geçen ýylyň awgustynda haýyr-sahawat gaznasynyň wekiliýetiniň Pekin şäherine amala aşyran saparynyň ýokary derejede guralandygy üçin hytaý tarapyna ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi. Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Şeýle hem Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue bilen duşuşyk geçirildi.

Çagalaryň saglygyny goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň hytaýly hyzmatdaşlaryň netijeli tekliplerine seretmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşykda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini mähirli mübärekläp, Türkmenistanda Palestina Döwleti bilen dost-doganlyk gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. O.Atabaýewa Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyk, durnukly ösüş we howpsuzlyk ugrunda çykyş edýändigini, bu düşünjeleriň çagalaryň abadançylygy bilen berk baglanyşyklydygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, haýyr-sahawat gaznasy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredildi. Ol çagalara, aýratyn-da, howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk, durmuş hyzmatlaryny bermek bilen bagly işleri alyp barýar. Gaznanyň ýanynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi we inklýuziw çagalar bagy hereket edýär.

Diplomat gaznanyň alyp barýan işiniň, ýurdumyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi hem-de Palestinanyň halkyna gaznanyň serişdeleriniň hasabyna iberilen ynsanperwerlik kömegi üçin döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Liderine ýurduň ýolbaşçylarynyň adyndan ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Dostluk” gämisi üçin Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi